Russiýa Federasiýasyndan aýdymçy-kompozitor Anna Wladimirowna Şuroçkina «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etmek hakynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmaga, halkara sport ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik edip, ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan netijelerini dünýä ýaýmaga, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmaga goşan şahsy goşandyny hem-de 2023-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda gazanan ýokary üstünliklerini nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmaga uly goşant goşýandygyny, Türkmenistanyň ýokary ligasynda üstünlikli çykyş edip, Türkmenistanyň çempiony bolup, final oýnunda ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp bolandygyny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda halkara ylmy-amaly maslahatyň we köpugurly serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Ol “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda tamamlanyp barýan ýylyň jemlerini jemleýän özboluşly çärä öwrüldi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp bolan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy.
Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýaşlar hyzmatdaşlygyny halkara derejede has-da ösdürmekde täze mümkinçilikleri açmaga goşant goşjak bu maslahatyň we serginiň işine uly üstünlik arzuw edýärin.
Siziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyňyzy uly buýsanç bilen kabul etdim.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Baykar Makina Sanayi we Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň baş müdiri Lütfü Haluk Baýraktar we «BMC Otomotiv Sanayi we Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Fuat Tosýaly bilen duşuşdy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl Sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady.