Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Siziň döwletimiziň has-da gülläp ösmegi, Watanymyzyň halkara giňişlikde at-abraýynyň belende göterilmegi ugrunda alyp barýan taryhy ähmiýetli işleriňize ýaşlarymyzyň hem uly hyjuw bilen gatnaşyp, öz mynasyp goşantlaryny goşmaklary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döredýär.
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň beýik üstünliklere beslenip, Täze ýylyň uly ruhubelentlik bilen garşylanýan günlerinde geljek, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, döwletimiziň berkararlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda çekýän asylly zähmetiňizde mundan beýläk hem üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýärin.
Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryna bagyşlanyp, “Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary — çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk ýoly” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.
Taryhyň ýene-de bir ýyly tamamlanyp barýar. Biz sanlyja günden Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagyny diňläris. Döwrüň täze menziline gadam basarys.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän 2023-nji ýyl tamamlanyp barýar. Bu ýyl syýasy we ykdysady ugurlarda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine tarap döredijilik ýoly bilen öňe barýan halkymyzyň medeni we ruhy durmuşynda gazanylan uly üstünlikler bilen ýurdumyzyň ýyl ýazgysyna ýazylýar.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda gaznanyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli iberen gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine birnäçe resminamalaryň taslamalary we beýleki meseleler girizildi.