Türkmenistanyň Howa kodeksiniň 71-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň işini kämilleşdirmek we bu ugurda işleriň utgaşykly alnyp barylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara topary döredildi we şu toparyň düzümi, şeýle-de topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň buýsandyryjy ösüşlere beslenip, ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan günlerinde Nýu-Ýork şäherinden gelip gowşan hoş habar — Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisiniň dowamynda «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň belent bolmagyny, halkara giňişlikde öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyzyň rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.
Size Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli güni mynasybetli iberen mähirli gutlagyňyz üçin hoşallygymy beýan edýärin hem-de şu mümkinçilikden peýdalanyp, ýetip gelýän 2024-nji ýylda berk jan saglyk, mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa öňegidişlik we rowaçlyk arzuw edýärin.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan saýlap alan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär.
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Awstraliýa Arkalaşygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Tokio şäheri) wezipesine bellemeli.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny ýokary derejede we guramaçylykly jemlemek hem-de şu ýylda ýurdumyzyň ýaşlarynyň bilimde, ylymda, sportda, medeniýetde, senagatda, oba hojalygynda, ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda gazanan üstünliklerini giňden açyp görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Ýurdumyzda söwda we telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän ornuny artdyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» strategik ugurlarynyň biridir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri giňden ýaýmak, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen köpugurly gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny, ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak we ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2024-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň sanawy hem-de olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy.
Sizi we türkmen halkyny ajaýyp baýram — Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, özygtyýarlylyk, hyzmatdaşlyk gymmatlyklaryna berk ygrarlylygyny görkezmegini dowam etdirýär. Bitaraplyk güni ýurduňyzyň goşulyşmazlyk we dünýä giňişliginde netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan syýasaty amala aşyrmagy maksat edinýändigini aýdyň görkezýär.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.