Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti 2023-nji ýylyň 26 — 28-nji noýabry aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
Şu gün paýtagtymyzda Ýer ýüzünde ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda
Şu gün paýtagtymyzda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu waka Aşgabadyň halkara sport merkezi hökmünde ykrar edilýändiginiň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýän bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň Halkara kuraş assosiasiýasy (IKA) tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.
Şu gün Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe möhüm kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna garaldy.
Dünýä çempionatyny geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işlere Halkara kuraş assoasiasiýasynyň şu gün geçirilen kongresinde hem ýokary baha berildi. Bu assosiasiýa özüne Aziýadan 32, Afrikadan 22, Ýewropadan 33, Demirgazyk we Günorta Amerikadan 22, Okeaniýadan 9 — jemi 118 milli sport federasiýasyny birleşdirýär.
Şu gün paýtagtymyzdaky «Sport» myhmanhasynyň mejlisler zalynda «Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýä metbugatynda» ady bilen halkara mediaforumy geçirildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler, başga-da birnäçe meseleler girizildi.
Sizi myhmansöýer türkmen topragynda Halkara kuraş assosiasiýasy bilen özara hyzmatdaşlykda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Dünýäniň sport taryhynda möhüm waka bolan bu çempionatyň halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, kuraş boýunça türgenleriň ussatlyklaryny, tejribelerini artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn.
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.