Baş sahypa
\
Sport
\
Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionaty badalga aldy
Sport
Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionaty badalga aldy
Çap edildi 25.11.2023
1670

Şu gün paýtagtymyzda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu waka Aşgabadyň halkara sport merkezi hökmünde ykrar edilýändiginiň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýän bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň Halkara kuraş assosiasiýasy (IKA) tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketi giň gerime eýe boldy. Dürli ýaşdaky we kärdäki adamlaryň müňlerçesini özünde jemleýän köpçülikleýin sport çärelerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Ýokary netijeli sporty ösdürmäge, halkara derejeli sport ussatlarynyň, türgenleriň we degişli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýrtyn üns berilýär. Ýurdumyzyň türgenleri iri halkara ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara, medallara, şol sanda altyn medallara eýe bolýarlar. Şu ýylyň başyndan bäri, türkmen türgenleri 243 halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, 190 altyn, 194 kümüş we 290 bürünç, umumylykda bolsa, 674 medala mynasyp boldular. Bularyň ählisi sport döwleti hökmünde ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň yzygiderli artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. 

Soňky ýyllarda halkara sport guramalary bilen hyzmatdaşlykda paýtagtymyzdaky dünýä ölçeglerine laýyk gelýän  Olimpiýa şäherçesiniň binýadynda birnäçe halkara ýaryşlary, şol sanda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi. Aziýa we Okeaniýa döwletleriniň 62-sinden iň ezber türgenleriň 5000 müňden gowragyny özünde jemlän oýunlarda sportuň 21 görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi. 2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy Bütindünýä welosiped gününi esaslandyrdy. Ol her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilýär. Şeýle hem şol ýyl gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi. Şu ýylyň iýun aýynda paýtagtymyz 12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň ikinji gezek geçirilen ýeri boldy. Onda 6 ýurduň — Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň ýaş tennsiçileri toparlaýyn birinjilik ugrunda bäsleşdiler. Bu sport çäreleri halkara gatnaşyklaryny, parahatçylygy we dostlugy pugtlandyrmak işine mynasyp goşantdyr. Golaýda Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň (CIGEPS) agzalygyna saýlanylmagy ýurdumyzyň sport diplomatiýasynyň ýene-de bir nobatdaky üstünligi boldy. 

Ine, bu gün Aşgabat dünýä möçberindäki ýene bir iri ýaryşy kabul edýär. Kuraş boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda bu ýaryş bilen bagly guramaçylyk komitetini döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. 16-njy awgustda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti Halkara kuraş assosiasiýasy (IKA) bilen göreşiň bu görnüşi boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakynda ylalaşyga gol çekdi. 

Agşmalyk Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlup ulanmaga berlen, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilen paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň düzümine girýän Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda guraldy. Merkezi Aziýa sebitindäki bu iri desgalar toplumy halkara sport ýaryşlaryny geçirmek, şeýle hem türgenleriň hem-de öz saglyklaryny berkitmek isleýän islendik adamyň türgenleşmegi üçin hyzmat edýär. 

Şu gün Olimpiýa şäherçesiniň üsti ýapyk we baýramçylyk ýagdaýy emele gelen 5 müň orunlyk tomaşa zalyna köp sanly tomaşaçylar ýygnandylar. Hemmeler çäräniň başlanýandygyny alamatlandyrýan açylyş dabarasyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Onda boljak tutluşyklary tomaşaçylaryň uly toplumy gyzyklanma bilen synlarlar. 

Uzak garaşylan pursat gelip ýetýär. Sport toplumynyň meýdançasyna dünýä çempionatyna gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklary getirilýär. Olar meýdançada hatara düzülýär. Ýaryşyň resmi açylyş dabarasy badalga alýar. 

Dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okalýar. Onda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan gadymy türkmen topragynda ýaşan ata-babalarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli terbiýelemekde göreşe aýratyn ähmiýet berendikleri nygtalýar. Şeýlelikde, toý-baýramlarda göreş tutýan ussat pälwanlary ýetişdirmegiň özboluşly milli göreş mekdebi kemala getirilipdir.

«Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen milli göreşini çyn ýürekden söýen halkymyz ony asyrlarboýy kämilleşdirip, sungat derejesine ýetiripdir. Pälwanlary taýýarlamakdaky baý tejribesini Beýik Ýüpek ýoly boýunça dünýä ýaýradyp, göreşiň sport görnüşi hökmünde ösmegine uly goşant goşupdyr» diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz dünýäniň sport taryhynda möhüm waka bolan bu çempionatyň halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, kuraş boýunça türgenleriň ussatlyklaryny, tejribelerini artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiziň Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. 

Dabaranyň tolgundyryjy pursaty gelip ýetýär: kuraş boýunça dünýä çempionaty açyk diýlip yglan edilýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, onuň belent owazynyň ýaňlanmagynda Watanymyzyň mukaddes Tugy ýokary galdyrylýar. 

Soňra Halkara Kuraş assosiasiýasynyň (IKA) prezidenti Haýdar Farmana söz berilýär. Ol ýygnananlara ýüzlenip, hemmeleri Türkmenistanyň ajaýyp paýtagty Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda görýändigine örän şatdygyny nygtady. 

Bu ýaryşy geçirmek üçin türkmen tarapynyň iň amatly şertleri döredendigini, şol sanda ajaýyp sport desgalaryny ýaryşlara taýýarlandygyny nygtap, jenap Haýdar Farman sportuň kuraş görnüşini sportuny ösdürmäge goşan ägirt uly goşantlary we goldawlary üçin IKA-nyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyk bildirdi. 

Dabaranyň resmi açylyşy tamamlanandan soňra, gatnaşyjylara gargy tüýdüginiň owazy astynda türkmen tebigaty, ýurdumyzyň milli gymmatlyklary we baýlyklary barada wideorolik görkezildi. 

Soňra tomaşaçylara milli türkmen göreşine, halylaryna, milli mirasynyň gymmatlyklaryna bagyşlanan birnäçe aýdym-sazly çykyşlar görkezildi. 

Elbetde, ähli baýramçylyklarda bolşy ýaly, bu gezekki dabarada täsin we şowhunly küştdepdi tansy hem ýerine ýetirildi. Döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyň özboluşly beýany bolan bu tans diňe bir milli däl, eýsem dünýä mirasynyň hem aýrylmaz bölegidir. ÝUNESKO-nyň çözgüdi esasynda küştdepdi tansynyň adamzadyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini bellemelidiris.

Şeýlelikde, Kuraş boýunça dünýä çempionaty başlandy. Janköýerlere erkekleriň arasynda ýedi, zenanlaryň arasynda hem sekiz agram derejelerinde gyzykly tutluşyklara tomaşa etmek garaşýar.

Soňky habarlar
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
21.04
Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine
21.04
Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
21.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.04
“Galkan” hokkeý toparynyň türgenleriniň we tälimçileriniň hormatyna dabara
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
20.04
«Galkan» topary hokkeý boýunça halkara ýaryşyň Kubogyna mynasyp boldy
19.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
19.04
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi
top-arrow