07.03 2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Çili Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rodrigo Enrike Arkos Kastrodan ynanç hatyny kabul etdi.

07.03 2023

Şu gün Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlanan konsert boldy.

07.03 2023

«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň ikinji sany okyjylara ýetirildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň gönüden-göni öz miwesi bolan «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň ikinji sany okyjylara gowuşdy. Mälim bolşy ýaly, žurnalyň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredildi.

06.03 2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

06.03 2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere seredildi.

06.03 2023

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

06.03 2023

Geçen ýekşenbe gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Sport-ulag merkezine geldi hem-de bu ýerde merkeze täze gelip gowşan sport ulagyny synagdan geçirdi.

06.03 2023

Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek möwsümi işjeň dowam edýär. 

06.03 2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Diýarymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler hemişelik Bitarap Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen, öňdebaryjy ýurtlarynyň birine öwürýär. Alnyp barylýan beýik işler merdana halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, jemgyýetimiziň mundan beýläk-de ösüp, barha kämilleşmegi üçin amatly şertleri döredýär. Bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz ýurdumyzyň gazanýan bu üstünliklerinde, eýeleýän belent sepgitlerinde zähmetsöýer zenanlaryň paýy uludyr.

06.03 2023

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.

1473 sahypa
Soňky habarlar
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.05
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
09.05
Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna