Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen hem-de özbek halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyly dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin:
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her güni şanly wakalara hem-de zähmet üstünliklerine beslenýär. Tamamlanyp barýan ýyl Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň geçirilen, Berkarar döwletiň täze eýýamyna gadam basylan we möhüm ähmiýetli syýasy wakalaryň, şeýle hem ägirt uly durmuş-ykdysady, medeni özgertmeleriň amala aşyrylýan döwri hökmünde taryha girýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryny we jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki ugurlaryny ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Ahal welaýatynyň Arkadag şäherindäki binalaryň we desgalaryň açylyş dabarasyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günbatar künjeginde täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň, umumybilim berýän mekdebiň, çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş merkeziniň we beýleki desgalaryň açylyş dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Sähetdurdy Meretdurdyýewiç Atajanow Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.
«Biz milli medeniýetimizi ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, medeniýet öýleri biziň milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösýändiginiň subutnamasydyr» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda belledi. Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň ähmiýetini nygtap, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp boýunça her ýyl Sankt-Peterburg şäherinde ýylyň ahyrynda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan öňdebaryjy tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanyp, depginli ösýän ýurt hökmünde dünýädäki abraýyny barha artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda giň gerimli taslamalar we netijeli başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy şol taslamalaryň esasy maksadydyr.