Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, gaýtadan işleýän senagat önümçiliklerini innowasion esasda ýola goýmak, içerki bazarlary daşary ýurtlarda öndürilýän harytlaryň ornuny tutýan harytlar bilen bolelin üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň “Nebitmaş” döwlet kärhanasyna önümçilik işlerinde zerur bolan 7 müň tonna sozulan alýumini hem-de 3 müň tonna guýma alýumin taýynçlaryny satyn almak barada Täjigistan Respublikasynyň “Таджикская алюминиевая компания” (TALCO) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnamalary tapgyrlaýyn baglaşmaga ygtyýar berildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we pudagyň maddy-tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak hem-de oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny, olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny tapgyrlaýyn satyn almak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny 2022-nji ýylda Türkmenistana getirmek şertinde satyn almak barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “John Deere Walldorf GmbH & Co.KG” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gymmatly kagyzlaryň bazaryny has-da ösdürmek maksady bilen, şeýle hem “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Ýaponiýanyň Imperatory Naruhita, Premýer-ministri Fumio Kisida we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň adyndan gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär.
Şu gün Balkan welaýatynyň edara ediş merkezinde ýakynlaşyp gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi.
Geçen aýda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan guralan köp sanly işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, syýasy geňeşmeler, halkara forumlar, sergiler, medeni çäreler we beýleki wakalar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi. Şol strategiýa ählumumy abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.
Neşiriň ilkinji sahypalary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kasam kabul ediş dabarasyna bagyşlanan materiallar bilen açylýar. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we wagyz-nesihatçysy bolmak bilen hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ýokary derejeli sportuň ösmegi ugrunda irginsiz zähmet çekýär.
Ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy günlerinde biz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisini geçirýäris. Men siziň ähliňizi bu mejlisiň geçirilmegi hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.