Geçen aýda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan guralan köp sanly işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, syýasy geňeşmeler, halkara forumlar, sergiler, medeni çäreler we beýleki wakalar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi. Şol strategiýa ählumumy abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.
Neşiriň ilkinji sahypalary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kasam kabul ediş dabarasyna bagyşlanan materiallar bilen açylýar. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we wagyz-nesihatçysy bolmak bilen hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ýokary derejeli sportuň ösmegi ugrunda irginsiz zähmet çekýär.
Ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy günlerinde biz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisini geçirýäris. Men siziň ähliňizi bu mejlisiň geçirilmegi hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi geçirildi.
Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda türkmen bedewiniň Milli baýramy bellenilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowinde, Premýer-ministri Narendra Modä we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda “Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi.
Orazmyrat Gurbannazarowy, saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Begenç Hojagulyýewiç Goçmollaýewiň üstüne ýüklenildi.