Sport
12.02 2018
13-nji fewralda Aşgabatda boks boýunça ýurdumyzyň çempionaty badalga alýar. Türkmenstanyň Boks boýunça federasiýasy, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bäsleşigiň guramaçylary bolup çykyş edýärler.
07.02 2018
Paýtagtymyzyň Halkara howa menziline ýörite ugur bilen Futbol assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň (FIFA) hem-de sportuň şu görnüşi boýunça iri ýaryşlaryň däp boýunça hemaýatkäri bolup çykyş edýän “Coco-cola” kompaniýasynyň wekilleri geldiler.
04.02 2018
Tähranda (Eýran Yslam Respublikasy) tamamlanan Ýapyk binalarda ýeňil atletika boýunça 8-nji Aziýa çempionatynda biziň türgenlerimiz bürünç medallaryň ikisini gazandylar.
30.01 2018
“Ahal” futbol topary iki duşuşygyň umumy netijeleri boýunça Gyrgyzystanyň Kubogynyň eýesi “Dordoý” (Bişkek) futbol toparyny ýeňip, Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Kubogy ugrunda ýaryşyň ilkinji saýlama tapgyryny üstünlikli geçdi.
29.01 2018
Biziň türgenlerimiz ýylyň başyndan bäri abraýly halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, dürli derejeli medallary gazandylar.
23.01 2018
Türkmenistanyň çempionatynyň kümüş medalyna hem-de ýurdumyzyň Kubogyna eýe bolan “Ahal” topary “AFK-nyň Kubogy - 2018” ýaryşynda 23-nji ýanwarda Bişkekde ilkinji saýlama duşuşygyny geçirdi.Biziň toparymyz Gyrgyzystanyň Kubogynyň eýesi Bişkegiň “Dordoý” topary bilen duşuşdy.
22.12 2017
Futzal boýunça Türkmenistanyň çempionaty „Talyp sporty“ toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Jemleýji tapgyrda talyplar topary Ahal welaýtynyň „Ak bugdaý“ toparyny 11:2 hasabynda utdy.
12.12 2017
Aşgabatda ýurdumyzyň Kubogy ugrunda skaýranning boýunça ýaryşlar tamamlandy. Köpetdagyň etegindäki Saglyk ýolunyň ugry boýunça ýaryşlaryň jemleýji tapgyry geçirildi, ol Sport baradaky döwlet komitetiniň howandarlygynda “Agama” alpinistrler kluby tarapyndan “belentlikde bäsleşikler” ugry boýunça Saglyk ýolunda Halkara Bitaraplyk gününe we Halkara daglar gününe bagyşlanyp ylgamak boýunça guraldy. Erkekleriň arasynda Ýazgeldi Ödenyýazow we zenanlaryň arasynda Nažiýa Kostowa Kuboga mynasyp boldular.
04.12 2017
Kuraş boýunça Stambulda geçirilen dünýä çempionatynyň soňky gününde Türkmenistanyň ýygyndysy ýene-de iki medal eýeledi.
03.12 2017
Minskide Söweş sungaty boýunça VII halkara oýunlary tamamlandy, onda Türkmenistanyň ýygyndy topary bürünç medallaryň ýene üçüsine mynasyp boldy. Olaryň ikisi toparlaýyn bäsleşiklerde, biri bolsa şahsy ýaryşlarda gazanyldy. Türgenlerimiz jemi alty medala – bir altyn we bäş bürünç medala eýe boldular.
46 sahypa
Soňky habarlar
02.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 12 million 258 müň dollaryndan gowrak boldy
01.03
Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak — döwlet syýasatynyň baş maksady
01.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
28.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
27.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat