Baş sahypa
\
Sport
\
„Talyp sporty“- ýurduň iň güýçli futzal topary
Sport
„Talyp sporty“- ýurduň iň güýçli futzal topary
Çap edildi 22.12.2017
3003

Futzal boýunça Türkmenistanyň çempionaty „Talyp sporty“ toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Jemleýji tapgyrda talyplar topary Ahal welaýtynyň „Ak bugdaý“ toparyny 11:2 hasabynda utdy. Çempionatda ýaryşyň sebit tapgyrlaryndan üstünlikli geçen güýçli toparlaryň sekizisi çykyş etdi. Olar iki topara bölünip, aýlaw görnüşli ýaryşda ýarym finala çykmak ugrunda bäsleşdiler. „A“ toparda Döwlet migrasiýa gullugynyň topary Balkanyň „Deňizçi“ toparyny 2:0, gündogar sebitiň „Lebap“ toparyny 7:2 hasabynda utup, möhletinden öň ýarym finala çykdy. Jemleýji oýunda toparyň öňbaşçysy Ahal welaýatynyň „Ak bugdaý“ komandasy bilen duşuşdy. Oýun deň tamamlandy, bu bolsa klublaryň ikisine-de ýarym finala çykmaga mümkinçilik berdi. „B“ toparda üç gezek ýeňiş gazanan Aşgabadyň „Galkan“ kluby öňe saýlandy. „Talyp sporty“ ikinji orny eýeledi. Paýtagtly klublara mynasyp garşylyk görkezmegi başarmadyk daşoguzly we maryly futzalçylar bir utuk bilen toparlaýyn tapgyrdan çykyp bilmediler. Ýarym final duşuşyklar garaşylmaýan netije berdi: „Talyp sporty“ „A“ toparyň ýeňijisi- migrasiýa gullugynyň komandasyny 8:0 hasabynda ýeňdi, „Galkan“ bolsa, 2:5 hasabynda „Ak bugdaý“ toparyndan utuldy. Üçünji orun ugrundaky paýtagtly toparlaryň duşuşygynda migrasiýa gullugynyň komandasy 6:1 hasabynda üstün çykdy. Aýgytlaýjy duşuşykda „Ak bugdaý“ topary bilen duşuşan „Talyp sporty“ sazlaşykly, hüjümli oýnap, garşydaşlarynyň derwezesine 11 pökgi geçirdi we özüniňkä bary – ýogy iki top goýberdi. Talyplar komandasyndan garşydaşlarynyň derwezeine 8 pökgi salan Mülkaman Annagulyýew milli birinjilikde iň köp top geçiren oýunçy diýlip yglan edildi.

Soňky habarlar
03.03
Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
02.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Prezidentine gynanç bildirdi
02.03
Ene mukaddesligine sarpa
02.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 12 million 258 müň dollaryndan gowrak boldy
01.03
Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak — döwlet syýasatynyň baş maksady
01.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
28.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
27.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
top-arrow