16.10
2016
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna bary-ýogy 11 aý galdy. Şonuň üçin hem türkmen türgenleri bu iri sport ýaryşlaryna halkara hünärmenleriniň hem ýolbaşçylygynda ykjam taýýarlyk görýärler. Häzirki wagtda belli hünärmen, Russiýa Federasiýasynyň at gazanan tälimçisi Albert Kolybin Aşgabatda işleýär. Ol ýarym ýylyň dowamynda welosipedçilerimiz bilen Aziada-2017-niň maksatnamasyna girýän welotrek görnüşleri boýunça türgenleşik işlerini geçirer.
05.09
2015
Paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň atçylyk sport toplumlarynda güýzki at çapyşyk möwsümi balaga aldy. Ol düýnä belli ahalteke bedewleriniň mekanynda—Türkmenistanda örän meşhur atçylyk sportunyň köpsanly muşdaklaryny ýygnady.
28.08
2015
Şu günler Bolgariýanyň Plowdiw şäherinde taekwondo boýunça /ITF görnüşi/ geçirilýän dünýä çempionatynda ýygyndymyz ilkinji medaly gazandy. Mähri Agaýewa “aýratynlykdaky tullar” /toplumlaýyn maşklar/ görnüşinde hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.
26.08
2015
Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçen köptaraplaýyn bäsleşik boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda türkmen türgenleri bürünç medallaryň ikisini eýelemegi başardylar. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň toparynda iki türgen bolup, olaryň ikisi hem Watanymyza abraýly baýrak bilen dolanyp geldiler.
23.08
2015
Aşgabat, 23-nji awgust (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň “Galkynyş” sport toplumynda uşu boýunça ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky ýaryşyň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelän türgenler kesgitlenildi. Bu ýaryş bilen bilelikde ýakyn wagtlarda dünýä çempionatynda Watanymyzyň sport abraýyny goramaga erkekleriň we zenanlaryň arasynda saýlama ýaryş hem geçirildi.
12.08
2015
Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde golaýda geçen alyş göreşi boýunça Aziýanyň çempionatynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda türkmen türgenleri 3 altyn we 4 bürünç medal gazandylar.
27.07
2015
Türkmen türgeni Gülbadam Babamyradowa Taýwanda tamamlanan dzýu-do boýunça “Taipei-2015” atly Aziýanyň açyk ýaryşynda altyn medala mynasyp boldy. Lebaply 23 ýaşly halkara derejeli sport ussady 52 kilograma çenli agram derejesinde şeýle ajaýyp üstünlik gazandy.
09.07
2015
Biziň türgenlerimiz golaýda Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde geçirilen uşu söweş sungaty boýunça 8-nji halkara ýaryşynda uly üstünlige eýe boldular: Türkmenistanyň sport gazananlarynyň üsti sekiz medal bilen ýetirildi. Olaryň üçüsi altyn, ikisi kümüş we üçüsi bürünç medallardyr.
01.07
2015
Aşgabatda bilýardyň “Erkin piramida” görnüşi boýunça ähli welaýatlardan we paýtagtymyzdan 60 türgeniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Aýgytlaýjy oýunda paýtagtymyzyň toparynyň iki wekili öz aralarynda güýç synanyşdylar. Gyzykly geçen bu duşuşykda Batyr Aşyrow Begenç Aýdogdyýewi ýeňil bolmadyk oýunda 7:4 hasabynda ýeňmegi başardy.
30.06
2015
Ýurdumyzyň türgenleri adaty karate boýunça geçirilýän halkara ýaryşlarynda üstünlik gazandylar. Biziň watandaşlarymyz Çehiýanyň paýtagtynda geçirilen Praganyň Açyk Kubogy ugrundaky bäsleşiklerde şowly çykyş edip, 27 medallara eýe boldular. Olaryň 11-si altyn, 8-si kümüş we şonça hem bürünç medallardyr.