Baş sahypa
\
Sport
\
Dünýä çempionatyndaky üstünlikli badalga
Sport
Dünýä çempionatyndaky üstünlikli badalga
Çap edildi 28.08.2015
2641

Şu günler Bolgariýanyň Plowdiw şäherinde taekwondo boýunça /ITF görnüşi/ geçirilýän dünýä çempionatynda ýygyndymyz ilkinji medaly gazandy. Mähri Agaýewa “aýratynlykdaky tullar” /toplumlaýyn maşklar/ görnüşinde hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Dünýä çempionatyna 80-den gowrak ýurtdan koreý söweş sungatynyň 1 müň töweregi ussatlary gatnaşýar. Sport ussady, gara guşagyň I danyň eýesi Mähri Agaýewa ýene-de 51 kilograma çenli agram derejesinde aýratynlykdaky sparringde we sahnada özüňi goramak görnüşinde bäsleşer. Türkmen türgeni gara guşagyň II danynyň eýesi Annamyrat Goşanyýazow hem dünýä çempionatynda tutluşyklarda çykyşyny ýeňişden başlady. 57 kilograma çenli agram derejesinde ilkinji göreşinde ol Argentinanyň toparynyň taekwondoçysyny ynamly ýeňdi. Annamyrat tullar we sahnada özüňi goramak boýunça ýaryşlara gatnaşar. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde türgenlerden başga-da, halkara derejeli sport ussady, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, gara guşagyň I danynyň eýesi Gaýgysyz Atabaýew hem bar. Ol taekwondo ITF-nyň üç görnüşinde bäsleşer, gara guşagyň I danynyň eýesi Orazberdi Annamyradow aýratynlykdaky sparringde güýç synanyşar. Ýaryşlar 30-njy awgusta çenli dowam eder.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow