Indoneziýa Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňizi hem-de türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlamaga şatdyryn.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy ýetirmäge şatdyryn. Pursatdan peýdalanyp, dostlukly döwletlerimiziň we halklarymyzyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklaryň hem-de hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegini arzuw edýärin.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri girizildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere, Federal Kansleri Fridrih Merse we ýurduň ähli halkyna German bitewüliginiň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki bilen, Fransiýanyň milli baýramy mynasybetli iberen Gutlagyňyz üçin Size hoşallyk bildirmek isleýärin. Öz gezegimde, Sizi hem-de Türkmenistanyň halkyny ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de bagtyýarlyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.
Sizi dünýä bileleşigi bilen birlikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda umumadamzat gymmatlyklaryny hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan baýram hökmünde giňden bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gözel paýtagtymyzda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.