Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Oňa Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki döwlet, häkimiýet, jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň netijeleri boýunça durmuşa geçirilýän işler, «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeler, «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny» amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde öňde goýlan wezipeler we “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmek, «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny, ahalteke bedewlerini we atçylyk sungatyny halkara derejede giňden beýan etmek maksady bilen, ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde geçirilýän giň gerimli halkara çäreler bilen bagly meseleler, şeýle hem birnäçe beýleki soraglar girizildi.
Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagyň müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän däpleriň biridigini, ýakynda ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň ýokary derejede, giňden bellenilendigini aýtdy. Garaşsyzlyk toýuny halkymyz uly üstünlikler bilen garşy aldy. Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş, baýramçylyk at çapyşyklary, medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlara sylaglary gowşurmak dabaralary geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan Ahalteke atçylyk toplumy, medeni-durmuş maksatly binalar açylyp ulanmaga berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri 23-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň giň wekilçilikli mejlisiniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalarynyň biri bolandygyny belledi. Bu taryhy mejlisde Garaşsyz döwletimizde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi. Şeýle hem döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy döwürde öňümizde durýan wajyp wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzy mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen taryhy ähmiýetli birnäçe çözgütleri kabul edip, degişli Permanlara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» atly milli Konsepsiýa gol çekmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugry bilen berk baglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna ygrarly bolmaga aýratyn ähmiýet berýär. Bu möhüm resminama halkara hukugyň düzgünlerini berkitmäge, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
“Biz uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitledik. Bu ugurda düýpli başlangyçlar öňe sürüldi we netijeli işler durmuşa geçirildi. Hususan-da, 2012-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda ýurdumyzy senagat taýdan ösen, häzirki zaman döwletine öwürmek, ýagny senagatlaşan jemgyýeti kemala getirmek baradaky möhüm başlangyjy öňe sürdük. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli senagatlaşma syýasatynyň täze tapgyra gadam basýandygyny aýdyň görkezýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny» tassyklady. Täze maksatnama ýurdumyzyň ýaşlar baradaky syýasatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça 2031-nji ýyla çenli anyk wezipeleri öz içine alýar.
Milli Liderimiz türkmen halkynyň milli mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan ahalteke bedewleriniň arassa tohumyny gorap saklamagyň, atçylyk we atly sport pudagyny ösdürmegiň, milli seýisçilik däplerini kämilleşdirmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, hormatly Prezidentimiziň bu asylly işleri täze derejede üstünlikli dowam etdirýändigini belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Netijede, milli atşynaslyk däplerini, ahalteke bedewleriniň genofonduny we bu ugurda toplanan baý tejribäni döwlet tarapyndan ygtybarly goramak hem-de geljek nesillere ýetirmek üçin zerur hukuk binýady döredildi.
Milli Liderimiz öňde goýlan möhüm wezipelerden ugur alnyp, şeýle-de «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 15-nji we 16-njy maddalarynyň düzgünlerine laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň çagyrylandygyny we şu mejlisiň gün tertibine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň netijeleri boýunça durmuşa geçirilýän işler we öňde durýan wezipeler bilen bagly soraglaryň girizilendigini nygtady.

Soňra Gahryman Arkadagymyz çykyş etmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.
Ol türkmen halkynyň Milli Lideriniň köp ýyllaryň dowamynda alyp baran we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biriniň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine esaslanýan halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden, dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy, özara düşünişmegi berkitmekden ybarat bolup durýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlary dünýä döwletleri tarapyndan giňden goldanylýar we olar Birleşen Milletler Guramasynda, beýleki abraýly halkara guramalarda kabul edilýän resminamalarda öz beýanyny tapýar. Bu babatda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 24-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminamany iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlyk etmeginde 23-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli Konsepsiýasy kabul edildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli Kararnamasyny we agzalan Konsepsiýany durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan 2027-2028-nji ýyllarda Halkara hukuk ýylyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça Türkmenistanyň Hereketleriniň milli meýilnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu resminama birnäçe ugurlardan we çärelerden ybarat bolup, halkara, syýasy-diplomatik, ylym-bilim, guramaçylyk, maglumat-ündew häsiýetli işleri öz içine alýar.
Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Hereketleriň milli meýilnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, guramaçylyk we utgaşdyryş işleriniň çäklerinde 2027-nji, 2028-nji ýyllarda geçiriljek çäreleriň ýyllyk senenamalaryny taýýarlamak, olaryň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynyň Hukuk meseleleri boýunça müdirligi bilen bilelikde 2028-nji ýyla taýýarlyk görmek boýunça ýörite «Ýol kartasyny» işläp düzmek meýilleşdirilýär. Halkara hyzmatdaşlyk ugrunda Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler, aýratyn-da, degişli Kararnamanyň awtordaşlary bilen hyzmatdaşlykda birnäçe halkara çäreler guralar. Şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 82-nji sessiýasynyň, onuň Altynjy komitetiniň we Halkara hukuk hepdeliginiň çäklerinde ýörite çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary tarapyndan bu ugurda degişli maslahatlar, “tegelek stol” duşuşyklary geçiriler.
Ylmy-amaly hyzmatdaşlyk ugrunda 2027-nji ýylyň birinji çärýeginde «Halkara hukuk — ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň binýady» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem halkara hukugyň häzirki zaman meselelerine, hususan-da, howanyň üýtgemegine, suw serişdelerine, durnukly ulag ulgamyna, sanly tehnologiýalara, emeli aňa, halkara ynsanperwer hukugyna bagyşlanan ylmy maslahatlary geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, halkara hukuga degişli ylmy makalalar, seljeriş, okuw-usulyýet häsiýetli maglumatlar neşir ediler.
Bilim we ýaşlar syýasaty ugrunda döwlet gullukçylary, ýaş diplomatlar üçin halkara hukuk boýunça ýörite okuwlary guramak, her ýyl «Ýaşlar we halkara hukuk» atly dialogy geçirmek göz öňünde tutulýar. Maglumat-ündew işleriniň çäklerinde Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda Halkara hukuk ýylyna bagyşlanan ýörite bölümi döretmek, şeýle hem Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň saýtynda, «Arkadagly ýaşlar» elektron žurnalynda degişli maglumatlary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.
Halkara hukuk boýunça BMG-niň esasy resminamalaryny türkmen dilinde taýýarlamak we ýaýratmak hem bu ugurdaky möhüm çäreleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen bir hatarda, 2028-nji ýylda geçiriljek esasy halkara çärelere aýratyn ähmiýet berilýär. Hususan-da, 2028-nji ýylyň başynda Aşgabat we Nýu-Ýork şäherlerinde Halkara hukuk ýylynyň resmi açylyş çärelerini geçirmek, şol ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 83-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ýörite çäresini guramak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem 2028-nji ýylyň dekabrynda halkara hukuk boýunça ählumumy forumy geçirmek Hereketleriň milli meýilnamasynyň esasy çäreleriniň biri hökmünde teklip edilýär.
Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Hereketleriň milli meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzyň halkara hukuk ulgamyndaky başlangyçlarynyň ähmiýetini has-da artdyrmaga, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara hukuk esaslaryny giňden wagyz etmäge, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga hyzmat etjekdigini aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Hereketleriň milli meýilnamasynyň taýýarlanylan taslamasyny Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna hödürledi. Ol çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende götermek, parahatçylygy, ynanyşmagy, halkara hukugyň ýörelgelerini berkitmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalaryň ediljekdigini nygtap, Milli Liderimiziň janynyň sag, başynyň hemişe belent bolmagyny arzuw etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Bitaraplyk hukuk derejesi BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň deňagramlylyk, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan adyl daşary syýasaty durmuşa geçirýändigini belledi. Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde 2028-nji ýyly “Halkara hukuk ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürendigini aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyzyň bu taglymatyny durmuşa geçirmek üçin Daşary işler ministrligi tarapyndan degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Halkara hukuk ýylyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça Türkmenistanyň Hereketleriniň milli meýilnamasynyň taslamasyny makullap, ony hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlemegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Gahryman Arkadagymyz Halkara hukuk ýylyny köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden wagyz etmegiň möhümdigini belledi we wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda halkara brifingi geçirmegi, onda şu meseleleri içgin ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy. Halk Maslahatynyň Başlygy bu çäreleriň ählisiniň ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga ýardam berýändigini nygtady.
Soňra çykyş etmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berildi.
Wise-premýer 23-nji sentýabrda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, şol taryhy mejlisde ykdysadyýetimiziň pudaklarynda önümçiligi yzygiderli artdyrmak, şu ýylyň ahyryna çenli ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depginini 6,3 göterim derejesinde saklamak barada wezipeler bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda oňyn önümçilik netijelerini gazanmak, sebitleri durnukly ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistany 2027-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» işläp taýýarlamak barada beren tabşyrygyna laýyklykda, häzirki wagtda 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek bilen birlikde, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy görkezijilerini, ýurdumyz we pudaklar boýunça maýa goýumlaryň möçberini kesgitlemek boýunça degişli hasaplamalar we seljeriş işleri geçirilip, bu işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň degişli Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyna» laýyklykda, senagatda zähmet öndürijiligini 1,5 esse ýokarlandyrmak, 50 müňe çenli täze iş ornuny döretmek, sebitlerde çig mal däl eksporty 2-3 esse artdyrmak, 25 müňe çenli täze kiçi we orta kärhanany döretmek, kiçi we orta telekeçilikde işleýänleriň paýyny ykdysady taýdan işjeň ilatyň 40 göterimine ýetirmek, kiçi hem-de orta kärhanalaryň eksportyny 2 esse artdyrmak meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň tehnologik taýdan ösen kärhanalarynda öndürilýän önümleriň möçberini 100 göterim, şol sanda eksport önümleriniň möçberini 75 göterim artdyrmagyň netijesinde Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmek göz öňünde tutulýar.
Wise-premýer H.Geldimyradow milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmek ugrunda goldaw-hemaýatlary, gymmatly maslahatlary üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň geljekde durnukly saklanylmalydygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleri öndürýän iri kärhanalaryň gurlandygyny nygtap, ýurdumyzyň häzirki senagat kuwwatynyň mundan beýläk hem ýokarlandyrylmalydygyny aýtdy. Şeýle-de täze senagat desgalaryny gurmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek arkaly önümçiligiň möçberini artdyrmak boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy çykyş etmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri täze derejä çykarmak maksady bilen kabul edilen «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynda» bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin meýilleşdirilen işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, strategiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde Ahal welaýatynda gurluşyk materiallarynyň, himiýa we energetika senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, gazhimiýa önümleriniň öndürilişini giňeltmek, aýna, dokma önümlerini öndürýän täze kärhanalary döretmek, azyk senagatyny ösdürmek, ýol-ulag infrastrukturasynyň gurluşygy üçin zerur bolan serişdeleriň önümçiligini ýola goýmak, hereket edýän önümçilik kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, olara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Balkan welaýatynda karbamid öndürýän toplumyň ikinji tapgyryny, ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki desgalar toplumyny gurmak, ýod, brom, tehniki hem-de nahar duzunyň önümçiliklerini ösdürmek, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň, döwrebap köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň esasynda önümçilikleri giňeltmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Daşoguz welaýatynda gazhimiýa önümçiligini ösdürmek, hususy ulgam tarapyndan oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagaty giňeltmek bilen bir hatarda, ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek göz önünde tutulýar.
Lebap welaýatynda kükürt, kaliý, daş duzlary ýaly tebigy serişdeleriň esasynda dag-magdan önümçiligini ösdürmäge, gurluşyk garyndylaryny hem-de gipsokarton önümlerini öndürýän döwrebap kärhanany işe girizmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Mary welaýatynda gurluşyk materiallary senagatyny ösdürmek, täze önümçilik kärhanalaryny döretmek, hereket edýän kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, olarda innowasion tehnologiýalary, sanly ulgam arkaly dolandyryş usullaryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyryp, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy hasabaty diňläp, ýurdumyzyň senagat diplomatiýasyny alyp barýandygyny, dünýä döwletleri we daşary ýurt kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Ahal welaýatynda tebigy gazdan “ECO-93” kysymly benzin öndürýän desganyň gurlandygyny, Balkan welaýatynda täze elektrik stansiýasynyň, Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän toplumyň gurulýandygyny, Lebap welaýatynda kaliý dökünlerini öndürýän toplumyň hereket edýändigini, bu önümleriň ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge ýardam berýändigini belledi we gurulýan desgalara Ýokary gözegçilik edarasynyň berk gözegçiligi üpjün etmelidigine ünsi çekdi. Hormatly Arkadagymyz Mary welaýatynda söwda dolanyşygyny ösdürmegiň, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady.
Milli Liderimiz soňky döwürde önümçilige döwrebap tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygyny aýdyp, wise-premýere önümçilikde ýokary tehnologiýaly önümleriň eýeleýän paýyny yzygiderli artdyrmak, maglumat merkezlerini, müňlerçe täze iş ornuny döretmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşary ýurtlara ibermek üçin Gündogar — Günbatar ugry boýunça Hazarüsti halkara üstaşyr ulag geçelgesini ösdürmegiň möhümdigini belläp, bu işleriň ählisiniň ýurdumyzyň senagat diplomatiýasyny ilerletmäge itergi berjekdigini aýtdy.
Soňra Milli Liderimiz çykyş etmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedowa söz berdi. Ol Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmeginiň ýaşlar syýasatyny amala aşyrmakdaky ähmiýeti barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, umumymilli forumda Türkmenistanyň Bilim ulgamyny ösdürmegiň milli institutyny döretmek boýunça teklipleri taýýarlamak babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň beýleki ministrlikleri bilen bilelikde degişli işler alnyp barylýar.
Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny» ýerine ýetirmek boýunça meýilnamada ýaşlaryň bilim almagy, pikir alyşmaklary, intellektual kooperasiýa işlerine gatnaşmaklary üçin startap merkezlerini we dürli ugurlar boýunça halkara ylym-bilim ýaşlar klasterlerini döretmek ýaly wezipelere üns çekildi. Şeýle-de halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny giňeltmek, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrylmagyna ýaşlary işjeň çekmek, halkara guramalar bilen ählumumy başlangyçlara ýaşlaryň gatnaşmagyna ýardam bermek, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň bilelikdäki halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny dowam etdirip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek göz öňünde tutulýar. Watanymyzyň şöhratly taryhy we milli gymmatlyklary barada halkara bilim bäsleşiklerini gurap, «Ýaş zehinler» atly maksatnamany daşary ýurtlaryň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda amala aşyrmak hem möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi.
Gahryman Arkadagymyz hasabaty diňläp, bu gün hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň has-da rowaçlanýandygyny belledi. Milli Liderimiz geljek ýyl Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky gurultaýynyň geçiriljekdigini aýdyp, bu çärä şu günden başlap taýýarlyk görmegi we onuň meýilnamasyny düzmegi wise-premýere tabşyrdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy sanly ulgam bilen emeli aň tehnologiýalarynyň arasyndaky aratapawudy seljermek, kiberhowpsuzlyk bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak barada belledi we täze programma üpjünçiliklerini ornaşdyrmak boýunça ýaşlar bilen pikir alşylmalydygyny, olaryň startaplarynyň, täze işläp taýýarlamalarynyň işjeň ornaşdyrylmalydygyny aýtdy hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi. Ol «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, ahalteke bedewlerini we atçylyk sungatyny halkara derejede giňden beýan etmek üçin ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde geçirilýän giň gerimli halkara çäreler hakynda hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň dowamynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçiriljek atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda, daşary ýurtlarda meýilleşdirilen halkara çäreler üstünlikli geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde hem-de hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 23-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen döwletli çözgütlerde ahalteke bedewlerimiziň baş sanyny yzygiderli artdyrmak, olaryň nesil arassalygyny gorap saklamak, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak işlerini kanunçylyk esasynda dowam etdirmek maksady bilen, «Ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.
Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň bellenilen günlerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi ýokary guramaçylykda geçirildi. 29-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi Garaşsyzlygymyzyň şanly senesine mynasyp toý sowgady boldy. Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen başlanan atly ýöriş hem-de ussat halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen toý çapuwy dabaranyň ýatda galyjy pursatlarynyň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň toý çapuwynda ýaş seýis Kerimguly Berdimuhamedowyň seýislän Daghan atly bedewini çapyp, halypa çapyksuwarlaryň arasynda ýeňiji bolmagy dabaranyň iň tolgundyryjy pursatlary bolup, ähli halkymyzyň göwnüni galkyndyrdy.
Arkadag we Aşgabat şäherlerinden, ähli welaýatlardan “Amul — Hazar” atly ýörişine gatnaşýan 35 sany bedew bilen atşynaslar 12-nji noýabrda gadymy Amuldan bu ýörişe badalga aldylar. Atly ýöriş türkmen topragynyň gözel künjeklerinden geçip, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 31 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda toý dabaralara beslenip, üstünlikli jemlener. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek babatda döredýän şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza pudagyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda atşynaslaryň sanynyň barha artýandygyny belledi hem-de wise-premýere “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda “Amul — Hazar” atly ýörişini ýokary derejede dabaralandyrmagy tabşyrdy. Gahryman Arkadagymyz merdana pederlerimiziň ahalteke bedewleriniň nesil şejeresini biziň günlerimize çenli ýetirip gelendiklerini, şoňa görä-de, bu milli mirasy gorap saklamak, geljek nesillere ýetirmek üçin degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da artdyrmak, tohum arassalygyny gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işlerde ösen halkara tejribelere esaslanmagyň, bu ugurda sanly ulgamy işjeň ulanmagyň, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, media platformalarynda maglumatlary yzygiderli ýerleşdirmegiň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde ýurdumyzyň bedew batly ösüşiniň aýdyň beýan edilendigini, geljek döwürde öňde durýan möhüm wezipeleriň kesgitlenilendigini, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňünde ýurdumyzy ösdürmek boýunça geljekde-de uly wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi we Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň Mejlisi, Türkmenistanyň Hökümeti, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikdäki netijeli işleri dowam etdirip, ata Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça maksada okgunly işleri alyp barmalydygyna ünsi çekdi.
“Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde belleýşim ýaly, berkarar döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy adam we onuň abadançylygydyr. Raýatlarymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşyny üpjün etmek biziň baş maksadymyzdyr. Bagtyýar halkymyzyň agzybirligi we jebisligi biziň güýçli döwletimiziň sarsmaz sütünidir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, sebitlerimiziň durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösüşini üpjün etmek boýunça kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň esasy wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi.
«Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, biz geljekde-de halkymyzyň wekilleriniň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün ederis. Ozal hem belleýşim ýaly, Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň dowamynda durmuşa geçirilen beýik işler bilen birlikde, biziň kabul eden maksatnamalarymyzy ýerine ýetirmek, ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin entek etmeli işlerimiz az däl. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda öňde goýlan bu belent wezipeleri ähli halkymyz bilen bilelikde agzybirlikde, jebislikde üstünlikli amala aşyrjakdygymyza berk ynanýaryn” diýip, Milli Liderimiz sözüni jemledi.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini jemläp, şu mejlisiň gün tertibinde göz öňünde tutulan meselelere seredilendigini, birnäçe meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy we mejlise gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň şu gezekki mejlisi ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka öwrülip, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Watanymyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin halkymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdy.