Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi sebäpli Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdiler.
Türkmenistan Eýranda bolup geçen dikuçar heläkçiligi bilen baglanyşykly ýardam bermäge taýýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan El-Salwador Respublikasynyň Prezidenti Naýib Bukelä we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen El-Salwador Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Ilki bilen, dostlukly Tatarystana gelip görmäge çakylygyňyz üçin Size tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmek isleýärin.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueni kabul etdi.
Şu gün goşa baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.
Sizi agzybirligimizi we bitewüligimizi alamatlandyrýan, demokratik, hukuk, dünýewi döwlet, adalatly raýat jemgyýeti baradaky milli düşünjelerimizi özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Sizi Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Bu gün türkmen halky uly toý toýlaýar. Paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde türkmeniň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we nusgawy şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşýarys. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejede geçirilýän bu dabara bilen siziň ähliňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.