Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly ruhubelentlikde bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak, halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň adyndan Size tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.
Sizi Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilýän halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Norwegiýanyň Patyşasy Harald V-ä Norwegiýanyň milli baýramy — Konstitusiýa güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” XV halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy, şeýle hem birnäçe duşuşyklary geçirdi.
Ilki bilen, şu ýere ýygnananlary mähirli mübäreklemäge hem-de Tatarystan Respublikasynyň Baştutany hormatly Rustam Nurgaliýewiç Minnihanowa foruma gatnaşmaga we onda çykyş etmäge çakylygy üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Gahryman Arkadagymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Siziň bilen dostlukly Tatarystanyň paýtagtynda duşuşmaga örän şatdyryn. Bu ýerde doganlyk tatar halkynyň bize bolan aýratyn hormatyny, tüýs ýürekden we mähirli gatnaşygyny hemişe duýýarys.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiakini kabul etdi.