Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda rysgal-berekede, toý-baýrama beslenip gelen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, Watanymyzyň halkara derejedäki abraýyny mundan beýläk-de artdyrmak ugrundaky döwletli işleriňizde hemişe rowaçlyklary arzuw edýärin.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Hytaý Täze ýyly mynasybetli iberen gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Nowruz güni mynasybetli Hytaýyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Size, Hökümetiňize we halkyňyza baýramçylyk gutlaglaryny iberýärin.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy He Ýanke bilen bolan söhbetdeşligiň öňüsyrasynda onuň bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alyşdy.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Sizi adamzadyň ahlak we ruhy tämizligini dünýä ýaýýan iň gadymy baýramlaryň biri bolan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Sizi ruhy kämilligiň, ahlak tämizliginiň we haýyr-sahawatyň baýramy bolan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň doganlyk halkyna musulman dünýäsinde uly şatlyk bilen bellenilýän mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden arzuwlarymy beýan edýärin.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparynyň çäklerinde “Equuleus” halkara atçylyk toplumyna baryp gördi.
Siziň ajaýyp ýurduňyzyň çäkleriniň üstünden uçup barýarkam, onuň daglaryny, köllerini, baharda göm-gök öwüsýän çemenzarlyklaryny, uç-gyraksyz giňişliklerini höwes bilen synlap, beýik Abaý Kunanbaý oglunyň: