23.05
2018
Nobatdaky konteýner ýük düzümi Hytaý - Gazagystan - Türkmenistan - Eýran ugry boýunça menzil aşdy - 9-njy maýda günebakar tohumynyň 1150 tonnasy ýüklenen ýük düzümi HHR-iň demirgazygynda ýerleşýän Baýan-Nur şäherinden çykdy we “Demirgazyk - Günorta” ulag geçelgesi boýunça ugrady.
23.05
2018
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky “Berkarar” myhmanhanasynda Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresi öz işine başlady. Energetika pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi bermek maksady bilen, ýurdumyzda däp boýunça geçirilýän iri ýöriteleşdirilen forumy “Türkmengaz” Döwlet konserni bilen Gollandiýanyň “KHB Holland” kompaniýasy bilelikde gurady.
19.05
2018
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.
16.05
2018
Milli baýramyň — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda welaýatyň obasenagat ulgamynyň kärhanalarynyň birbada ikisi işe girizildi. Mary etrabynda guşçulyk, Murgap etrabynda iri maldarçylyk toplumlary ulanmaga berildi.
12.05
2018
Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, polipropileni, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. BAE-li we türkiýeli işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzine, şeýle hem tehniki kükürde (“Türkmengaz” DK) isleg bildirdiler.
11.05
2018
«Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnaly ýurdumyzyň habarlar giňişliginde 2018-nji ýylda peýda boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda döredilen neşir iki aýdan bir gezek türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilýär.
10.05
2018
Şu gün Babadaýhan etrabynda täze döwrebap senagat toplumynyň düýbüniň tutulyş dabarasy boldy, ol “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde, şeýle hem eksport ugurly önümleriň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak boýunça dokma pudagynyň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda bina ediler.
05.05
2018
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.
03.05
2018
Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda ýurdumyzyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi bilen Germaniýanyň Ykdysadyýet we energetika federal ministrligi hem-de Halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň sebitleýin maksatnamasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dolandyryş işgärlerini taýýarlamak maksatnamasynyň 10 ýyllygyna bagyşlanan forum geçirildi. Onuň çäklerinde maslahatlar we geňeşmeler boldy.
24.04
2018
Şu gün “International Hotel Tashkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparyna gabatlanyp, türkmen-özbek işewürler maslahaty geçirildi.