Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
Ykdysadyýet
07.04 2025

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň16-sy hasaba alyndy. 


04.04 2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Samarkantda geçirilýän «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiniň mejlisinde eden çykyşynda sebitde üpjünçilik taslamalar toplumyna Ýewropa Bileleşiginiň maýa goýum taýdan täsirli gatnaşmagynyň geoykdysady we täjirçilik taýdan düýpli girdeji getirjekdigine hem-de Merkezi Aziýada ýewropa işewürliginiň uzak möhletli ornuny berkitmäge we giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

04.04 2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Samarkantda geçirilýän «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň mejlisinde Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda, energetika, ulag hem-de söwda pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýokary baha berýändigini aýtdy. 

04.04 2025

«Biz häzirki şertlerde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy sebitdäki we goňşy ýurtlardaky umumy ýagdaýlara netijeli täsir etmäge ukyply diýip pikir edýäris. Bu ugurda dünýä bileleşiginiň, ozaly bilen Birleşen Milletler Guramasynyň tagallalaryna ýardam bermeli diýip hasaplaýarys» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Samarkantda geçirilýän «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň mejlisinde aýtdy.

31.03 2025

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy. 

28.03 2025

Düýn Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda döwrebap suw we lagym arassalaýjy desgalaryň açylyş dabaralary geçirildi. Olara ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, welaýatlaryň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.

26.03 2025

Düýn tutuş ýurdumyz boýunça möhüm oba hojalyk möwsümine — gowaça ekişine badalga berildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň ekerançylary ekişe köpçülikleýin girişdiler.

26.03 2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 21-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutyny döretmek hakynda Karara gol çekdi. 

24.03 2025

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.

19.03 2025

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Foruma Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtlaryň döwlet edaralarynyň we iri kompaniýalaryň, halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, talyplar gatnaşdylar.

150 sahypa
Soňky habarlar
13.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 297 müň dollaryndan gowrak boldy
12.07
Durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap
12.07
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi
10.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
10.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY
10.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň gallaçylarynyň zähmet üstünligi bilen gutlady