Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
Ykdysadyýet
28.01 2015
Aşgabat, 28-nji ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öz işine başlady. Ýöriteleşdirilen sergi—ýurdumyzda geçirilýän giň gerimli sergileriň taryhynda ilkinji bolup, ol mebel pudagynyň gazananlaryny, bu ugurda ýurdumyzyň telekeçiligini ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem öý üçin köpdürli senagat harytlaryny öndürmek babatda mümkinçilikleri görkezmäge gönükdirilendir.
24.01 2015
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy.
21.01 2015
Aşgabat, 21-nji ýanwar (TDH).Şu gün türkmen paýtagtynda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty boldy. Şol maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak we söwda-ykdysady gatnaşyklary, işewürlik gatnaşyklaryny we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça täze çemeleşmeler kesgitlenildi.
17.01 2015
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.
14.01 2015
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda düýpli durmş-ykdysady özgertmeleriň durmuşa geçirilýän, halk hojalyk toplumynyň işine bazar ýörelgeleriniň ornaşdyrylýan döwründe söwda ulgamy Türkmenistanda uly üýtgeşmeleri başdan geçirdi. Ykdysady ösüş içerki söwdanyň ýokarlanmagyna ýardam etdi. Şol içerki söwdada giň gerimli bäsdeşlik kemala geldi, telekeçilik we maýa goýum işjeňligi aýdyň ýüze çykdy, işewürligi guramagyň häzirki zaman usullary peýdalanylyp başlandy.
11.01 2015
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.
11.01 2015
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça geçen hepdäniň jemleýji iki gününde Türkmenistanyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda maslahatlar geçirildi. Olarda Ministrler Kabinetiniň 9-njy ýanwarda geçirilen giňişleýin mejlisinde milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini yzygiderli we netijeli çözmek boýunça çärelere garaldy.
06.01 2015
Astrahan, 6-njy ýanwar (TDH). Şu gün Russiýanyň Astrahan oblastynyň günortasynda ýerleşýän Olýa portunda RO-PAX kysymly “Berkarar” türkmen gämisini garşylamak dabarasy boldy.
06.01 2015
12. Welaýatlaryň we Aşgabadyň ösüşi Türkmenistan 2015-nji ýyla ynamly gadam basdy. Ýakyn geljek üçin anyk meýilnamalaryň esasyny bolsa, ýurdumyzy ösdürmekde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmelerini amala aşyrmakda gazanylan ýokary netijeler we üstünlikler, döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýeti pugtalandyrmaga hem-de halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň strategiki maksatlary düzýär.
04.01 2015
«Berkarar» gämisi özüniň ilkinji gatnawyna ugrady. Bu iň häzirkizaman «RO-PAХ» kysymly gämi ýolagçylary, ýük awtoulaglaryny we beýleki ulag serişdelerini gatnatmak üçin niýetlenip, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň buýurmasy boýunça Horwatiýada guruldy.
151 sahypa
Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady