18.02
2015
Malaýziýanyň syýahatçylyk baradaky hünärmenleri Türkmenistanyň syýahatçylyk bazarlaryny işjeň özleşdirmegi maksat edinýärler. Olar bu ugry işewürçiligi mundan beýläk-de ösdürmek üçin geljegi uly ugur hasaplaýarlar. Şunuň ýaly başlangyçlar türkmen wekiliýetiniň Malaýziýa bolan iş saparynyň çäklerinde geçirilen işewür çärelerde has-da giňden äşgär edildi. Şol günler ol ýerde iki ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerini tanyşdyrmak çäreleri giňden ýaýbaňlandyryldy.
16.02
2015
Lebap welaýaty, 16-njy fewral (TDH). Şu gün, ählihalk baýramçylygynyň – Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýol bitumyny öndürmek boýunça täze tehnologik desga işe girizildi. Bu desganyň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň energetika boýunça strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmagyň ýolundaky ýene-de bir möhüm ädimdir, ýurdumyzda ýokary hilli nebit önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak şol strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir.
14.02
2015
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.
13.02
2015
Aşgabat, 13-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Statistika--Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetiň aýnasy” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň bütin halk hojalyk toplumyny ösüşiň täze derejesine çykarmak boýunça öňde goýlan uly wezipeleri üstünlikli çözmekde statistikanyň ornuna bagyşlanan maslahat Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen bilelikde guraldy.
13.02
2015
Aşgabat, 13-nji fewral /TDH/. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň iş tertibiniň üsti ýene-de bir täze halkara ugrunyň açylmagy bilen ýetirildi. Şu gün Aşgabat we Riga şäherleriniň arasynda yzygiderli howa gatnawy açyldy. 160 ýolagçy üçin niýetlenen “Boeing 737-800"" kysymly amatly howa gämisi hepdede bir gezek iki şäheriň arasynda gatnar.
08.02
2015
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.
05.02
2015
Ozal habar berlişi ýaly, 2-nji fewralda geçirilen wideoşekili iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň ekin meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy baradaky hasabatlaryny diňläp, sebitlerde ýagan ygalyň möçberlerine we topragyň çyglylyk derejesine ünsi çekmek bilen, möwsümleýin oba hojalyk işleri geçirilende häzirki amatly tebigat-howa şertlerini göz öňünde tutmagyň wajypdygyny nygtady.
04.02
2015
Aşgabat, 4-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-horwat toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Horwatiýa Respublikasynyň birnäçe döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
31.01
2015
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda söwdalaşyklaryň 31-si hasaba alyndy.
30.01
2015
Aşgabat, 30-njy ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öz işini tamamlady. Diýarymyzyň we dünýäniň mebel senagatynyň gazananlarynyň ýöriteleşdirilen sergisi eksponentleriň 70-e golaýyny özüne çekdi. Olar işewürligiň bu görnüşinde täze meýilleriň we nusgalaryň dürli öwüşginlerini sergä gelenlere görkezdiler.