Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
«Berkarar» gämisi Astrahan şäherine özüniň ilkinji gatnawyny amala aşyrýar
Ykdysadyýet
«Berkarar» gämisi Astrahan şäherine özüniň ilkinji gatnawyny amala aşyrýar
Çap edildi 04.01.2015
2406

«Berkarar» gämisi özüniň ilkinji gatnawyna ugrady. Bu iň häzirkizaman «RO-PAХ» kysymly gämi ýolagçylary, ýük awtoulaglaryny we beýleki ulag serişdelerini gatnatmak üçin niýetlenip, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň buýurmasy boýunça Horwatiýada guruldy. Gämi Türkmenbaşy şäheriniň portuna 2014-nji ýylyň dekabr aýynda geldi. Täze gämini garşylamak dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Horwatiýanyň premýer-ministri Zoran Milanowiç gatnaşdylar. Ýeri gelende aýtsak, şeýle kysymly gämi sebitde ýeke-täk bolup durýar. «Berkarar» gämisi özüniň ilkinji gatnawynda Russiýa Federasiýasynyň Olýa portuna dürli ýükleri ýetirer. Olar Astrahan oblastynda ýerli türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýeri bolan Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda türkmen medeniýetiniň özboluşly merkezine öwrüljek mekdebi gurmak üçin niýetlenendir. Bu durmuş ähmiýetli bilelikdäki taslamany amala aşyrmak başlangyjy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Desgany gurmak bolsa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ynanyldy. Biziň ýurdumyzda hususy gurluşyk kompaniýalary tarapyndan mekdepleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, sport desgalarynyň, lukmançylyk edaralarynyň, söwda merkezleriniň, senagat kärhanalarynyň, edara binalarynyň we beýlekileriň köpsanlysy guruldy we gurulýar. Häzirki wagtda türkmen işewürligi daşary bazarlara, şol sanda gurluşyk bazaryna çykmak bilen halkara gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Bu taslama hem — Astrahan oblastynda mekdebiň gurluşygy milli Liderimiziň ýurdumyzyň telekeçilerine ynanan aýratyn hormatly we jogapkärli tabşyrygydyr. Ynsanperwerlik babatynda möhüm ähmiýete eýe bolan bu taslama şeýle hem esasy ruhy baýlyklaryň binýadyna daýanýan russiýa we türkmen halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna, çagalaryň geljegi baradaky alada ýugrulandyr. Biziň ýurdumyzy Astrahan oblasty bilen öňden gelýän ykdysady we medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Bu gatnaşyklar taryhy taýdan emele gelen hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanyp, häzirki wagtda täze hile we many-mazmuna eýe bolýar. Bu künjekde Russiýada ýaşaýan türkmenleriň has köpsanlysynyň ýaşaýandygyny hasaba alanyňda, bu taslama has-da uly ähmiýete eýedir. Astrahan oblastynyň we Türkmenistanyň üstünden Hytaýa hem-de Hindistana geçýän Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň ösüşine kuwwatly itergi berjek «Türkmenbaşy — Olýa porty» gämi gatnawynyň ýola goýulmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýene bir geljegi uly ugry bolup çykyş edýär.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
top-arrow