Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Er-Riýatda türkmen saud söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi
Ykdysadyýet
Er-Riýatda türkmen saud söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi
Çap edildi 10.11.2017
1838

Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynda iş saparynda boldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, senagat we energetika pudaklarynyň, şeýle hem Saud Arabystanynyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň Er-Riýadda geçirilen nobatdaky mejlisinde söwda-ykdysady, maýa goýum gatnaşyklarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp masslahatlaşyldy hem-de birnäçe ugurlar boýunça anyk ylalaşyklar gazanyldy. Türkmen wekiliýetiniň agzalary saudly kärdeşleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, hormatly Prezidentimiziň 2016-njy ýylyň maýynda Saud Arabystanyna bolan resmi saparynda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça bilelikdäki işleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Geçirilen duşuşyklar we gepleşikler nebitgaz pudagynda, gazylyp alynýan peýdaly magdanlary gözlemek we çykarmak, aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek boýunça saud maýadarlaryny halkara we milli taslamalaryna çekmek boýunça möhüm çözgütleriň kabul edilmegi üçin oňyn mümkinçilikleri döretdi. Hususan-da, geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanda gazhimiýa we senagat pudaklarynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalar beýan edildi. Türkmen halylaryny we haly önümlerini saudyň bazarlaryna we onuň üsti bilen beýleki arap ýurtlarynyň bazarlaryna çykarmak boýunça çäreleri guramak bilen baglynyşykly meselelere garaldy. Şeýle hem Türkmenistanyň halyçylyk pudagyna maýa goýum taslamalarynyň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy. Saud tarapy Er-Riýad şäherinde türkmen el halylarynyň we haly önümleriniň sergini guramagy we şu mesele boýunça iş toparyny döretmegi teklip etdi.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow