Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistan Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini atdyrar
Ykdysadyýet
Türkmenistan Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini atdyrar
Çap edildi 10.11.2017
1903

Türkmenistanyň energetikleri Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak boýunça işleri alyp barýarlar. Häzirki wagtda şertnama laýyklykda, goňşy döwlete “Ymamnazar-Andhoý” we “Serhetabat – Hyrat –Turgundy” elektrik geçirijileri arkaly iki ugur boýunça ýylda 700 million kilowat sagat elektrik energiýasy iberilýär. Mundan başga-da, Badhyz we Jowüzjan welaýatlaryna hem türkmen elektrik energiýasyny ibermek boýunça hyzmatdaşlyk etmek göz öňünde tutulýar. Mälim bolşy ýaly, bu maksat bilen 2017-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw hojalygy ministrliginiň arasynda Ylalaşyga gol çekildi. Bu resminamalaryň hem-de ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň esasynda Owganystana elektrik energiýasynyň iberilýän möçberini has-da artdyrmak boýunça yzygiderli çäreler görülýär.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow