Baş sahypa
\
Sport
\
Olimpiýa şäherjiginde dünýäniň sambo boýunça çempiýony Gülbadam Babamuratowa orden gowşuryldy
Sport
Olimpiýa şäherjiginde dünýäniň sambo boýunça çempiýony Gülbadam Babamuratowa orden gowşuryldy
Çap edildi 15.11.2017
3432

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjigindäki “Sport” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde tamamlanan sambo boýunça 41-nji dünýä çempionatynda altyn medal gazanan türkmen samboçysy Gülbadam Babamuratowany sylaglamak dabarasy geçirildi. 26 ýaşly at gazanan sport ussady ajaýyp ýeňşini 52 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Dünýä derejesinde ajaýyp netijeleri görkezen türgen gyzymyza hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň tälimçileri hem-de esasy türgenleri, hünär ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary dünýä derejeli ýokary gazanylanlar sportunda Türkmenistana mynasyp wekilçilik eden G.Babamyratowany mähirli gutladylar. Gülbadam iri halkara ýaryşlarynyň ençeme gezek ýeňijisidir. Ol meşhur hem-de derejeli bäsdeşlerinden köp gezek üstün çykyp, öz garşydaşlarynyň arasynda hormat gazandy. Ine, Soçide hem samboçy gyzymyz ýokary ussatlygyny görkezip, altyn medala mynasyp boldy. Ilkinji bäsleşikde Gülbadam 2013-nji ýylda dünýäniň wise-çempiony, Ýewropa-2017 çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi bolgariýaly Magdalena Warbanowany, soňra bolsa 2017-nji ýylda ýetginjekleriň arasynda Serbiýanyň Nowi-Sade şäherinde geçirilen dünýäniň ýaşlar çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi rumyniýaly Diano Truisoýy ýeňmegi başardy. Ýarym final ýaryşynda G.Babamuratowa 2016-njy ýylda Aziýanyň çempiony bolan gazagystanly Gülnur Ýerbolowa bilen tutluşdy. Ol bu türgen bilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçirilen V Aziýa oýunlarynda-da duşuşypdy. “Aşgabat 2017”-niň oýunlarynda bolşy ýaly, Soçi şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda Türkmenistanyň iň gowy türgeni ýene-de ýeňiş gazandy. Final bäsleşiginde Gülbadam ýer eýesi - russiýaly, Kazanda geçirilen Ýewropa çempionatynda bürünç medaly eýelän Ýuliýa Wisina bilen tutluşdy. G.Babamuratowa 7:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazanyp, zenanlaryň arasynda sambo boýunça ikinji gezek dünýäniň çempiony diýen derejä mynasyp boldy. Ýeri gelende aýtsak, türkmen samboçysy dünýä çempiony diýen ilkinji derejesini 2012-nji ýylda Minskide geçirilen dünýä çempionatynda eýeläpdi. Çempion gyzymyzyň belleýşi ýaly, bu ýaryşyň şu ýylda jemleýji bolup durýandygy ony ýeňiş gazanmaga iterdi. Diýmek, bu ýaryş öňde goýlan wezipäni—şu ýylyň ähli ýaryşlaryny ýeňmek maksadyny amala aşyrmakda soňky mümkinçilik boldy. Bu ýaryşa çenli Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragy, sambo boýunça “Memorial Harlampiýew” adyndaky dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşlarda, Daşkentde geçirilen sambo boýunça Aziýa çempionatynda, Aşgabatda geçirilen V Aziýa oýunlarynda we häzirki dünýä çempionatynda ýeňişler gazanyldy. Bu üstünlikler öňde goýlan belent wezipäni abraý bilen ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Soňky habarlar
12.11
Paýtagtymyzda «Türkmentel – 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär
12.11
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
11.11
Parahatçylyk we döredijilik konsepsiýasy — Bitarap Watanymyzyň ileri tutýan strategik ugry
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
10.11
Aşgabat sanly ykdysadyýeti ösdürmek we logistika strategiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilermenleriň gepleşigini kabul eder
10.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 506 müň dollaryndan gowrak boldy
09.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
09.11
Sahawatly türkmen topragynyň şanyna baýramçylyk dabaralary
top-arrow