Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda haýal kokslandyrma desgasy gurlar
Ykdysadyýet
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda haýal kokslandyrma desgasy gurlar
Çap edildi 17.11.2017
1935

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda haýal kokslandyrma desgasy gurlar. Ony gurmak üçin geçirlen halkara bäsleşiginiň netijeleri barada hökümetiň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary M.Babaýew habar berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, bu taslamanyň amala aşyrylmagy TNGIZT-de nebiti gaýtadan işlemegiň çuňlugyny hem-de suwuklandyrylan gazyň, benziniň, dizel ýangyjynyň, nebit koksynyň we gudronyň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga, şeýle hem asfalt taýýarlanylanda ulanylýan ýol bitumynyň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Halkara bäsleşigine gatnaşyjylara bildirilýän talaplaryň biri uglewodorod serişdeleriniň rejeli ulanylmagyny we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen innowasion tehnologiýalary peýdalanmakdan ybaratdyr.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow