Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanda binagärlik taslamalary patent bilen goralar
Ykdysadyýet
Türkmenistanda binagärlik taslamalary patent bilen goralar
Çap edildi 17.11.2017
1933

Türkmenistan binagärlik taslamalary göçürilmeginden goramagy maksat edinýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda özboluşly desgalaryň we binalaryň gurulýar, olaryň köpsanlysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şunuň bilen baglylykda, potratçylar bilen baglaşylýan şertnamalara özboluşly işleriň we pikirleriň göçürilmeginden goramak maksadynda gurluşyk taslamalaryny amala aşyrmak babatda degişli patenti resmileşdirmek bilen bagly bölümi girizmegiň möhümdigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, şertnamada gurluşygyň taslamasy üçünji bir ýurda berlen halatda, potratçynyň we buýrujynyň mümkin bolan jogapkärçiligini görkezmeli. Gol çekilýän her bir şertnama ýokarda görkezilen bölümi hökman içine almalydyr diýip, milli Liderimiz talap etdi hem-de wise-premýer G.Myradowa ýurdumyzdaky ähli iri we möhüm ähmiýetli gurluşyklara patent bermegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk üçin ähli bäsleşikleriň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan geçirilmelidigini aýtdy.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow