Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň birža geleşikleriniň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million dollaryndan gowrak boldy
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň birža geleşikleriniň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million dollaryndan gowrak boldy
Çap edildi 18.11.2017
2012

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 88-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Hytaýdan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen tehniki kükürdi, ABŞ-den gelen telekeçiler bolsa, tehniki ýody we ýodly kaliýi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna boýalan tüýjümek önümleri, nah ýüplükleri, bugdaý uny, dürli konditer önümleri ýerlenildi. Olary Russiýa Federasiýasyndan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, we beýleki döwletlerden gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 14 million 137 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýa Federasiýasynyň telekeçileri jemi bahasy 4 million 403 müň manatdan gowrak bug gazanlaryny we durmuşy tehnikalaryny satyl aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 21 million 644 müň manatdan gowrak ýük daşaýan ulaglary, polipropilen (TNGIZT), azyklyk bugdaýy we pamyk süýümlerini satyn aldylar.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow