Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň we Awstriýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Aşgabatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň we Awstriýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Aşgabatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar
Çap edildi 24.11.2017
1777

4-5-nji dekabrda Aşgabatda Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň 9-njy mejlisi hem-de onuň çäklerinde işewürler maslahaty geçirler. Bular barada hökümetiň mejlisinde söwda toplumyna we telekeçilik ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer O. Gurbannazarow habar berdi. Awstriýa tarapyndan çärelere energetika, maşyngurluşyk, gurluşyk materiallary, oba hojalyk, ulag, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, bilim we komýuter tehnologiýalar ulgamlarynda iş alyp barýan döwlet edaralarynyň we kompaniýalaryň 24-siniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmen-awstriýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň wajypdygyny belledi hem-de uzakmöhletli hyzmatdaşlyk, geljegi uly taslamalaryň üstünde bilelikde işlemek üçin hünär derejesinde esasyň goýulýandygyny nygtap, wise-premýere serginiň hem-de Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow