Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
28-29-njy noýabrda Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisini geçirler
Ykdysadyýet
28-29-njy noýabrda Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisini geçirler
Çap edildi 24.11.2017
1810

Bu çärä taýýarlyk görülişiniň barşy barada hökümetiň mejlisinde wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow habar berdi. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine gatnaşyjy döwletleriň hem-de synçy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, halkara we sebit guramalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşar. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Aşgabat forumyna uly gyzyklanma bildirýärler. Mejlisiň meýilnamasyna laýyklykda, onuň işi iki bölümden – hukuk we ministrler böleginden ybarat bolar. Forumyň gün tertibine Energetika Hartiýasynyň şu ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň netijeleri hem-de onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge we geljegiň durnukly energetikasyny üpjün etmek maksady bilen netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmäge degişli meseleleriň giň toplumy giriziler. Milli Liderimiziň energetika ulgamynda öňe süren hem-de dünýä bileleşiginiň ählumumy goldawyna mynasyp bolan halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselesine aýratyn üns berler. Forumyň çäklerinde pudaklaýyn sergini guramak hem meýilleşdirilýär. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Jemleýji resminamany kabul etmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, energetika ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy durnukly ösüşiň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmenistan hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeläp, halkara guramalaryň we düzümleriň, şol sanda Energetika Hartiýasynyň çäklerinde gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisiniň gatnaşmagynda ýangyç-energetika toplumynda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Ählumumy energetika howpsuzlygynyň binýadyny kemala getirmäge ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak babatda öňümizdäki forumyň ähmiýetini bellenildi.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow