Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Aşgabatda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň mejlisi geçirildi
Ykdysadyýet
Aşgabatda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň mejlisi geçirildi
Çap edildi 27.11.2017
1881

Nebitgaz toplumynyň binasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň wekiliýeti paýtagtymyza geldi. Mejlisde özara ynanyşmak we bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi nygtaldy. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, nebiti we gazy gazyp alýan we nebithimiýa senagatynyň kärhanalarynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagy we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagy, döwrebap gazy gaýtadan işleýji toplumlaryň, şol sanda benzin, dizel ýangyjy hem-de uçarlaryň kerosinini, polietileni we polipropileni hem-de beýleki gazhimiýa önümlerini çykarmak boýunça toplumlarynyň gurluşyklarynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu babatda, serişde tygşytlaýjy öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasion ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň iş ýüzünde giňden ornaşdyrylýandygy bellenildi. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň açyklygy, baý tebigy serişdeler, ýurtda döredilen oňaýly maýa goýum ýagdaýy – bularyň hemmesi ähli pudaklarda, şol sanda nebitgaz ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly mümkinçilikler döredýär. Mejlisiň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow