Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Jemi içerki önümiň ösüş depgini şu ýylyň 11 aýynda 6.5 göterime deň boldy
Ykdysadyýet
Jemi içerki önümiň ösüş depgini şu ýylyň 11 aýynda 6.5 göterime deň boldy
Çap edildi 08.12.2017
2213

2017-nji ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş depgini 6,5 göterime deň boldy, şol sanda bu görkeziji senagat toplumynda 5,8 göterim, gurluşykda – 1,4 göterim, ulag-aragatnaşyk ulgamynda-10,9 göterim, söwdada-9,6 göterim, oba hojalygynda-5,1 göterim, hyzmatlar ulgamynda-8,9 göterim ýokarlandy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişiniň ösüşi 6,4 göterime ýetdi. On bir aýyň netijeleri boýunça bölek haryt dolanyşygynyň möçberi 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 18 göterim artdy. Sarp edilýän harytlaryň bahasy hem-de ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlary geçen ýylyň dekabr aýynyň görkezijisi bilen deňeşdirilende, 9,4 göterim artdy. Hasabat döwründe durmuş ulgamyny ösdürmäge býujet serişdeleriniň 78,9 göterimi gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet hakynyň möçberi 2016-njy ýylyň degişli döwrüne görä, 8,9 göterim köpeldi.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow