Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
TDHÇB-nyň söwdalarynda nebitiň we pagtanyň gaýtadan işlenilen önümleri uly orun tutdy
Ykdysadyýet
TDHÇB-nyň söwdalarynda nebitiň we pagtanyň gaýtadan işlenilen önümleri uly orun tutdy
Çap edildi 09.12.2017
1868

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 158-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we Latwiýanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiasiýa kerosinini, awtomobil benzinini, suwuklandyrylan gaz we az kükürtli ýakylýan mazudy, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda çykarylan awtomobil benzinini we suwuklandyrylan gaz (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Mundan başga-da, dürli görnüşli tekiz reňkli hem-de žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük, flanel-mata, pagta süýümi daşary ýurt puluna ýerlenildi. Russiýa, Şweýsariýa, BAE, Türkiýe we beýlekiler satyn alan ýurtlar boldy. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 96 million 942 müň dollaryndan geçdi. Manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň, Kanadanyň, BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 2 million 248 müň manatdan gowrak ýod erginini, nah ýüplügi hem-de täzeden işlenen süýümi satyn aldylar.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow