Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň DHÇMB söwdalarynda nebit önümleri öňdeligi eýeledi
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň DHÇMB söwdalarynda nebit önümleri öňdeligi eýeledi
Çap edildi 16.12.2017
2059

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna armatura önümleri, arassalanan pagta ýagy, jinsi önümleri hem-de nah ýüplükler ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Türkiýe, Owganystan, Pakistan, Ukraina. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 48 million 937 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýadan, Pakistandan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler jemi bahasy 1 million 870 müň manatlykdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügi satyn aldylar.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow