Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistan buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna geçmäge taýýarlanýar
Ykdysadyýet
Türkmenistan buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna geçmäge taýýarlanýar
Çap edildi 22.12.2017
3251

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalara, edaralara we guramalara (karz edaralary muňa girmeýär) 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna geçmek baradaky Karara gol çekdi. Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna geçmek boýunça utgaşdyryjy topary döretmek hem-de Topar hakyndaky düzgünnamany işläp taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy. Karar bilen Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna geçmek boýunça çäreler tassyklanyldy. Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy. Bu çäreler ýurdumyzyň ykdyswadyýetiniň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşýanlygy bilen baglylykda buhgalterçilik hasabynda hem-de maliýe hasabatlylygynda halkara standartlaryna laýyklykda işiň alnyp barylmagyna gönükdirilendir.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow