Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Täze ýyl baýramçylyk günlerinde howa we demirýol gatnawlarynyň ugurlary artdyrylar
Ykdysadyýet
Täze ýyl baýramçylyk günlerinde howa we demirýol gatnawlarynyň ugurlary artdyrylar
Çap edildi 22.12.2017
2121

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow Türkmenistanyň ulag ulgamoynyň Täze ýyl baýramçylyklary günlerinde ýolagçy gatnawlarynyň sanynyň artdyryljakdygy barada hökümet mejlisinde habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, Aşgabat-Kerki-Aşgabat, Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat, Aşgabat-Daşoguz-Aşgabat ugurlary boýunça goşmaça demir ýol gatnawlary giriziler. “Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça baýramçylyk günlerinde içerki we daşarky gatnawlaryň sany artdyrylar. Şunlukda, Aşgabat-Ýerewan-Frankfurt-Ýerewan-Aşgabat ugry boýunça täze awia gatnawyny ýola goýmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem Täze ýyl baýramçylygy günlerinde paýtagtymyzda bolşy ýaly, halkara we şäherara ugurlary boýunça jemgyýetçilik ulagynyň gatnawlarynyň möçberleri artdyrylar.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow