Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen woleýbolçylarynyň altyn medallary
Sport
Türkmen woleýbolçylarynyň altyn medallary
Çap edildi 28.04.2018
3174

Bangladeşiň paýtagty Dakka şäherinde geçirilen zonal Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary uly üstünlik gazandy. Biziň ýurdumyzyň ýygyndy topary nobatdaky altyn medala mynasyp boldy. Türkmenistanlylar finalda ýer eýeleri bilen duşuşdylar. Oýnuň birinji döwri biziň toparymyz üçin şowly bolmady. Emma türkmen topary tutanýerli göreşde ilki oýnuň gidişini deňlediler, soňra bolsa bäsdeşleri - Bangladeşiň türgenlerinden doly üstün çykdylar. Biziň woleýbolçylarymyz oýnuň soňky üç döwründe öňdeligi eýeläp, bu ýaryşlarda altyn medallary aldylar. Ýygyndy toparymyzyň öňdebaryjysy Didar Nuryýew bu ýaryşlaryň iň gowy oýunçysy diýen ada mynasyp boldy. Ildeşlerimiz Döwrangeldi Amandurdyýew libero ugry boýunça ýeňiji boldy, Arslanbek Iskanderow bolsa «Iň gowy pas beriji» diýen ada eýe boldy.

Soňky habarlar
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
top-arrow