Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistan täze ulag geçelgesini gurýar
Ykdysadyýet
Türkmenistan täze ulag geçelgesini gurýar
Çap edildi 30.06.2015
1740

Türkmenistan sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk düzümini kemala getirmekde özüniň ornuny pugtalandyrýar. Munuň özi ählumumy durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm şertleriniň biridir. Biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen hyzmatdaş döwletleriň bilelikde amala aşyrýan Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki döwre çenli bu halkara ulag geçelgesiniň türkmen böleginiň 45 kilometri guruldy. Türkmenistanyň Demirýol ulaglary ministrliginiň düzüm bölümleri bu demir ýoluň Atamyrat-Ymamnazar böleginde gurluşyk işlerini dowam edýärler. Häzirki döwürde ýerüsti düzümleýin desgalaryň gurluşygy ýoluň 23-nji kilometrinde alnyp barylýar. 36-njy kilometrde bolsa ýola çagyl-daş düşemek, 46-njy kilometrde onuň toprak örtügini taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasynda halkara ulag gatnawlarynyň täze möhüm bölegi bolar. Bu polat ýol diňe bir ygtybarly ulag geçelgesi bolman, eýsem sebitiň ýurtlarynyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň köprüsini emele getirer. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu başlangyjynyň Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary tarapyndan giň goldawa eýe bolmagy tötänden däldir. Çünki bü demir ýol ykdysady bähbitden başga-da, sebitiň ýurtlarynyň deňhukukly hyzmatdaşlyk şertlerinde dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulmagy üçin giň mümkinçilikleri üpjün eder. Üç goňşy döwletleriň ulag-aragatnaşyk düzümini baglanyşdyrýan ulag geçelgesi özara haryt dolanyşygynyň birnäçe esse ýokarlanmagyny şertlendirer. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek ugrunda giň möçberli çäreler amala aşyrylýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag ulgamynyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet ber ýär. Mälim bolşy ýaly, Lebap welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap awtomobi we demirýol köprüleriniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Bu ýerde gurulýan Türkmenabat-Farap täze ulag geçelgesi iki çylşyrymly inženerçilik desgalaryndan ybaratdyr. Olaryň biri uzynlygy 1750 metr bolan demirýol we ini 21,5 metr bolan 1600 metr uzynlykdaky awtomobil köprüleridir. Köprüleriň derýanyň derejesinden belentdigi gämileriň gatnawyna päsgelçilik bermez. Şeýlelikde, Jeýhun derýasynyň üstünden gurulýan täze ulag geçelgeleri, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly Ýewropa bilen Aziýany baglanyşdyrýan ulag geçelgesiniň “altyn halkasy” bolup durýar. “Demirgazyk--Günorta” halkara ulag geçelgesiniň möhüm ugry bolup durýan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýolunyň ulanmaga berilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän başlangyjynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Onuň esasynda bosa millionlarça adamlaryň bähbidini, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegini nazarlaýan çuňňur many bar. Amyderýanyň üstünden geçýän Atamyrat-Kerkiçi demir ýol we awtomobil köprüleriniň gurulmagy bu ýörelgeleriň has-da işjeňleşmegini şertlendirdi. Şeýlelikde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji we sebitiň iri ykdysady, işewur, medeni merkezi hökmünde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek baradaky başlangyçlary ählumumy ösüş we gadymy türkmen topragynyň medeniýetleriň merkezine öwrülmegi babatdaky meýilleriniň amala aşmagyna laýyk gelýär we ýurdumyzyň hem-de tutuş sebitiň döwrebap ulag-aragatnaşyk ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegini şertlendirýär.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
top-arrow