Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatynyň gazananlarynyň sergisi tamamlandy
Ykdysadyýet
Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatynyň gazananlarynyň sergisi tamamlandy
Çap edildi 19.06.2015
1695

Aşgabat, 19-njy iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatynyň sergisi tamamlandy. 140 töweregi kompaniýanyň we telekeçiler düzümleriniň gatnaşan wekilçilikli ykdysady gözden geçirilişi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de “Meridyen” türk kompaniýasy tarapyndan guraldy. Türkmenistanda geçirilýän sergi çärelerinde Türkiýe Respublikasyndan bolan ýyl-ýyldan artýan eksponentler türk hyzmatdaşlarynyň artýan gyzyklanmasyna, olaryň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga bolan meýline şaýatlyk edýär. Sergi gurluşyk senagaty we bezeg materiallary ulgamynda işleýän öňdebaryjy türk kompaniýalaryny ýygnady. Uly göwrümli ekspozisiýa iki dostlukly ýurduň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany boldy. Sergä gatnaşyjylaryň arasynda gurluşyk materiallaryny, elektrik geçirijilerini, transformatorlary, elektrik geçirijiler üçin enjamlary, gurluşyk himiýasynyň önümlerini we beýlekileri köp sanly öndürijiler bar. Sergide daşky bezeg, örtük materiallary üçin, şeýle hem plastik we kauçukdan bolan önümleriň uly görnüşleri görkezildi. Sergide metal gurnama, üçek, bezeg we örtük önümleri, santehniki enjamlar, elektrik geçiriji we yşyklandyryjy toplumlar, galyplyk, şol sanda ýerasty geçelgeleriň gurnamalaryny guýmak üçin galyplyk ulgamlary, ýylylyk saklaýjy aýratyn häsiýeti bolan gelşikli penjireler we gapylar hem-de beýlekiler görkezildi. Ýöriteleşdirilen enjamlar aýratyn orun tutdy. Serginiň üç iş gününiň barşynda doganlyk ýurduň işewürler toparynyň wekilleri ösüşlere beslenen özgertmeler netijesinde türkmen ykdysadyýetiniň depginli ösýändigini hem-de bilelikde işlemek üçin örän giň mümkinçilikleri döredýändigini bellediler. Gurluşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmakda, gurluşykda häzirki zaman ylmy-tehniki we amaly işläp taýýarlamalary hem-de netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmakda netijeli hyzmatdaşlyk aýratyn bellenilip geçildi. Forum türkmen we türk senagatçylarynyň we telekeçileriniň arasynda täze gatnaşyklary ýola goýmak üçin ähmiýetli gepleşikler meýdançasyna öwrüldi. Olar tejribäni we üstünlikleri giňden alyşmagy dowam etmek ugrunda pikirlerini aýtdylar. Ýöriteleşdirilen gözden geçirilişiň ýapylyş dabarasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy. Serginiň işi tamamlanandan soň oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda myhmansöýerlik üçin hem-de gadymy dostluk we doganlyk gatnaşyklary bilen baglanyşykly iki ýurduň we halkyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýolunda täze ädime öwrülen serginiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
top-arrow