Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň halkara howa gatnawlarynyň sany artýar
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň halkara howa gatnawlarynyň sany artýar
Çap edildi 13.02.2015
1925

Aşgabat, 13-nji fewral /TDH/. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň iş tertibiniň üsti ýene-de bir täze halkara ugrunyň açylmagy bilen ýetirildi. Şu gün Aşgabat we Riga şäherleriniň arasynda yzygiderli howa gatnawy açyldy. 160 ýolagçy üçin niýetlenen “Boeing 737-800"" kysymly amatly howa gämisi hepdede bir gezek iki şäheriň arasynda gatnar. Bu ugruň açylmagy Türkmenistanyň we Latwiýanyň raýatlarynyň dostlukly ýurtlaryň ikisiniň hem dynç alyş zolaklaryna syýahatçylyk saparlaryny amala aşyrmaga mümkinçiligi giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen-latyş söwda-ykdysady we gumanitar aragatnaşyklarynyň işjeňleşmegine hem hyzmat eder. Ýolagçylaryň arasynda täze ugur üçin peteklere uly isleg bildirilýär. Bu bolsa täze gatnawyň zerurdygyna aýdyň şaýatlyk edýär, muňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň syýahatçylyk firmalary eýýäm uly gyzyklanma bildirdiler. Geljekde bu ugur boýunça gatnawlaryň ýygylygynyň hepdede iki gezege çenli ýetiriljekdigi gümansyzdyr. “Türkmenhowaýollary”döwlet milli gullugy tarapyndan Latwiýanyň bu şäherine ýerine ýetirilýän uçuşlaryň Bangkoga (Tailand Patyşalygy) hem-de Dubaýa (BAE) uçuşlar bilen gabat gelmeginde Riga uçýan ýolagçylar üçin möhüm artykmaçlyk jemlenip, Latwiýanyň raýatlaryna Aziýa döwletlerine üstaşyr uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer. Geljekde bu ugra uçuşy Riganyň üsti bilen Toronta (Kanada) çenli dowam etmek meýilleşdirilýär. Aşgabat-Riga ýolagçy howa gatnawynyň ýola goýulmagy Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek ýolunda oýlanyşykly ädime öwrüldi. Soňky ýyllarda ýokary depginler bilen ösýän ýurdumyzyň raýat awiasiýasy, Türkmenistanyň esasy pudaklarynyň derejesine çykdy. ""Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda"" öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirip, ýurdumyzyň howa ulaglarynyň işgärleri ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak boýunça wezipelere abraý bilen hötde gelýärler. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy tarapyndan amala aşyrylýan hyzmatlaryň möçberiniň ösüş depgini ýyl-ýyldan artýar. Ine, 2015-nji ýylyň ýanwar aýynda ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak boýunça meýilnama degişlilikde 12 göterim we 8,9 göterim artykmajy bilen ýerine ýetirildi. Munuň özi kanunalaýykdyr, çünki ýurdumyzyň raýat awiasiýasyna milli ykdysadyýeti ösdürmekde, beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm orun degişlidir. Daşary ýurtda Garaşsyz Türkmenistana wekilçilik edip, howa ulaglary hyzmatlarynyň dünýä bazaryna goşulyşmak bilen ýurdumyzyň parahatçylyk söýüji syýasatynyň wagyzçysy bolup çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde Türkmenistan soňky ýyllarda iri halkara ulag merkezleriniň biri hökmünde ykrar edilýär. Bu wezipeleriň çözülmegine, täze howa gatnawlarynyň açylmagy hem gönükdirilendir. Ol diňe bir howa arkaly ýolagçylary gatnatmaga we ýük daşamaga barha artýan islegi kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, milli Liderimiziň alyp barýan “açyk gapylar” hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine möhüm goşant goşmaga hyzmat eder.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
top-arrow