Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Hökümetara türkmen-horwat toparynyň mejlisi
Ykdysadyýet
Hökümetara türkmen-horwat toparynyň mejlisi
Çap edildi 04.02.2015
1623

Aşgabat, 4-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-horwat toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Horwatiýa Respublikasynyň birnäçe döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Topara başlyklyk ediji duşuşygy açmak bilen, birek-birege ynanyşmak we özara bähbitli esasda ýola goýulýan hökümetara gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen nygtady. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurtlaryň ikisi-de dürli ulgamlardaky bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri doly güýjünde ulanmaga çalyşýarlar. Dürli derejede geçirilýän yzygiderli gatnaşyklar we baglanşylýan ikitaraplaýyn şertnamalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy ýylda Horwatiýa Respublikasyna we Horwatiýanyň Pezidenti Iwo Ýosipowiçiň 2014-nji ýylda biziň ýurdumyza guran saparlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda gol çekilen resminamalar bukjasy türkmen-horwat gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin pugta binýady emele getirdi we giň ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açdy. Bu gezekki mejlisiň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy. Geçen döwürde türkmen-horwat gatnaşyklaryň birnäçe möhüm ugurlary boýunça işjeňleşdirilendigini bellemek bilen, duşuşyga gatnaşyjylar özara peýdaly maýa goýum taslamalaryny işläp taýýarlamak we söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky, ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy artdyrmak maksady bilen, Hökümetara toparynyň işiniň netijelliligini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtadylar. Gumanitar gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleler duşuşykda netijeli ýagdaýda ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen bagly döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi hasaplanýan medeni we ylym-bilim gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek hakyndaky teklip öňe sürüldi. Syýahatçylyk we sport özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Pikir alyşmalaryň barşynda oňa gatnaşyjylar bu gezekki mejlisiň Türkmenistan bilen Horwatiýa Respublikasynyň arasyndaky doly möçberli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürilmegini şertlendirjekdigine ynam bildirdiler. Hökümetara toparynyň mejlisi ertir öz işini dowam eder. Garaşylyşy ýaly, onuň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekiler. Onda türkmen-horwat hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary öz beýanyny tapar, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki tagallalary artdyrmak babatda anyk wezipeler kesgitlener.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
top-arrow