Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistanly pälwanlar dünýä çempionatynda 14 medal gazandylar
Sport
Türkmenistanly pälwanlar dünýä çempionatynda 14 medal gazandylar
Çap edildi 28.10.2018
3252

Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda nusgawy hem-de erkin görnüşlerde guşakly göreş boýunça dünýä çempionaty ýurdumyzyň ýygyndy topary üçin üstünlige beslendi. Ýaryşlara 38 ýurtdan 200-e golaý türgen gatnaşdy. Türkmen türgenleri 14 medala — dört altyn, alty kümüş we dört bürünç medala mynasyp boldular. 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde ildeşlerimiz Arslan Ybraýymgulyýew we 75 kilograma çenli agram derejesinde Pälwan Gurbangeldiýew erkekleriň arasynda çempion boldular. Türgenleriň ikisi hem Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň talyplarydyr. Ýygyndy toparymyzyň ýene iki agzasy zenanlaryň arasynda altyn medallara eýe boldular. Şunda Döwlet gümrük gullugynyň işgäri Zuhra Madraimowa (58 kg.) hem-de Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Laçyn Badaglyýewa (52 kg.) tapawutlandylar. Seýdi Batyrow (100 kilograma çenli), Gylyç Jumaýew (90 kilograma çenli), Isgender Aşyrow (62 kilograma çenli) ikinji orunlary eýelediler. Türkmen türgenleri Begenç Ýagmyrow we Medet Hallygurbanow 68 kilograma çenli agram derejede kümüş medallary eýelediler. Zenanlaryň arasynda Dinara Hallyýewa (66 kilograma çenli) kümüş medal gazandy. Türgenlerimiziň 4-si — Sylapberdi Nuryýew (82 kilograma çenli), Ylýas Rahmanow (57 kilograma çenli), Begenç Kakalyýew we Nasiba Surkiýewa (76 kilograma çenli) bürünç medala mynasyp boldular.

Soňky habarlar
12.10
Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kosmonawt O.Kononenko bilen duşuşdy
top-arrow