Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistanyň figuralaýyn typýan türgenleri «Aziýanyň çagalary» oýunlaryna şowly girişdiler
Sport
Türkmenistanyň figuralaýyn typýan türgenleri «Aziýanyň çagalary» oýunlaryna şowly girişdiler
Çap edildi 13.02.2019
5259

Russiýa Federasiýasynda «Aziýanyň çagalary — 2019» birinji gyşky halkara sport oýunlary dowam edýär. Medallar ugrundaky bäsleşiklere figuralaýyn typýan gyzlar hem girişdiler. Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan Aşgabadyň 64-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Aýna Ekäýewa hem-de 37-nji otra mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Larisa Wahitowa öz taýýarlan maksatnamalary bilen çykyş etdiler. Adatça, figuralaýyn typmak boýunça bäsleşikler iki tapgyrda geçirilýär, birinji tapgyrda gysga çykyş ýerine ýetirilýär. Türgenler alty toparça bölündi. L.Wahitowa ikinji toparda, A.Ekäýewa üçünji toparda çykyş edýär. Gysga maksatnamada figuraçy gyzlaryň umumy jemleýji utuklary «tehnikasy, çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirendigi» hem-de «artistizmi üçin» iki görnüşe baha bermekden emele gelýär. Polşanyň, Slowakiýanyň, Estoniýanyň we RF-niň wekillerinden ybarat bolan eminler toparyna russiýaly Aleksandr Kogan ýolbaşçylyk edýär. Sportuň bu görnüşinde tehniki taýdan çylşyrymly tilsimleriň ýerine ýetirilişine Fransiýadan, Finlýandiýadan we Russiýadan hünärmenler baha berýärler. Larisa Wahitowa «tehnikasy» üçin 16.82 utuk aldy, «artistizm» üçin bolsa ol 16.34 utuga eýe boldy. Oňat netije. Şunda biziň ildeşimiz gysga çykyşlaryň umumy hasabynda 33.16 utuk alyp, aralyk üçünji orny eýeleýär. Aýna Ekäýewa bu hasapda aralyk 12-nji orunda barýar. (19.97 utuk). Türgen gyzlarymyz 15-nji fewralda boljak Günorta Sahalinde geçirilýän halkara sport oýunlarynda bäsdeşligiň ýokarydygy sebäpli ýeňil bolmadyk erkin çykyşlarda hem üstünlik gazanarlar diýip umyt edýäris. Ýaryşlarda figuralaýyn typmak boýunça uly tejribe toplan hem-de dünýä we olimpiýa çempionlaryny terbiýeläp ýetişdiren Russiýanyň topary öňde barýar. Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýygyndy topary 13-nji fewralda toparlaýyn tapgyryň üçünji duşuşygyny geçirdi. Şunda biziň türgenlerimiz Russiýanyň Ural Federal okrugynyň «B» toparçasynda öňde barýan toparyndan asgyn geldi. Biziň toparymyz ýaryşlarda ilkinji orunlary eýelemese-de, has güýçli bäsdeşler bilen geçirlen üç duşuşykda hem oňat oýnap, tejribe toplady, bu tejribe geljekde geçiriljek dürli halkara ýaryşlarda peýdaly bolar. Türkmenistanyň — gar örän seýrek ýagýan ýurduň hokkeýçileri sportuň bu görnüşinde entek tejribesi ýeterlik däldir. Olar hokkeý boýunça uly tejribe toplan toparlar bilen näçe köp duşuşyk geçirseler, şonça-da geljekde halkara derejesinde üstünlikleri gazanmagyna ýardam eder. Ýetginjekler hokkeý bilen näçe köp meşgullansalar, geljekde dünýäniň buzly meýdançalarynda ýurdumyzyň sport abraýyny üstünlikli gorarlar.

Soňky habarlar
12.10
Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kosmonawt O.Kononenko bilen duşuşdy
top-arrow