Baş sahypa
\
Sport
\
AFK — 2019-yň kubogy: toparlaýyn tapgyr tamamlandy, öňde täze oýunlar
Sport
AFK — 2019-yň kubogy: toparlaýyn tapgyr tamamlandy, öňde täze oýunlar
Çap edildi 27.06.2019
5318

2019-njy ýylda Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky toparlaýyn tapgyr tamamlandy. Ýurdumyzyň hereket edýän çempiony — Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Altyn asyr» topary D toparynda geçirilen oýunlaryň 6-synyň jemi boýunça birinji orny eýeledi hem-de zolagara ýarym finala çykdy. Türkmenistanyň futbol klubunyň görkezijileri şeýledir: iki ýeňişden we deňe-deň oýnalan dört oýundan soň toparyň hasabynda utuklaryň 10-sy toplandy. Salnan we boş geçirilen pökgüleriň tapawudy plýus üçdür, «Altyn asyryň» futbolçylary öz garşydaşlarynyň derwezelerine pökgüleriň 7-sini saldylar. Pökgi üç gezek biziň derwezelerimiziň torlarynda boldy. AFK-nyň futbol konfederasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky häzirki ýaryşda toparlaýyn tapgyryň nähili emele gelendigini ýatlalyň. «Altyn asyr» üçin ilkinji oýun 3-nji aprelde Bişkekde «Dordoý» stadionynda geçdi. Bu ýerde türkmen futbolçylaryny ýerli futbol topary bolan «Dordoý — Dinamo» kabul etdi. Duşuşyk netijeli deňme-deň hasap bilen tamamlandy.Toparlaryň ikisi hem garşydaşlarynyň derwezelerine bir pökgüden saldylar. Göni iki hepdeden soňra «Altyn asyr» öz meýdançasynda Täjigistanyň iň meşhur «Istiklol» topary bilen güýç synanyşdy. Oýnuň netijesi 1:1 hasaby bilen tamamlandy. 30-njy aprelde türkmen futbolçylary ýene bir täjik futbol topary bolan «Hujandyň» meýdançasynda myhmançylykda boldular. Bu sapar hem eýýäm üçünji gezek oýun yzygiderlilikde deňme-deň tamamlandy. Ýöne bu sapar hasap 0:0 boldy. 15-nji maýda Aşgabatda «Altyn asyr» «Hujand» topary bilen duşuşanda kabul edýän toparyň ornunda çykyş etdi. Oýunda artykmaçlyk turuwbaşdan oýnuň bütin dowamynda gowy oýnan we 1-0 hasaby bilen ýeňiş gazanan türkmen futbolçylarynyň tarapynda boldy. Bu oýnuň jemi türkmen futbolçylary üçin örän netijeli bolup bilerdi, ýöne bu sapar şowlulyk aşgabatlylaryň tarapynda bolmady. Onsoňam, «Hujandyň» derwezeçisi hem haýran galdyryjy ýagdaýda oýnady. 19-njy iýunda Aşgabatda Dordoý — Dinamo toparyny ýeňip, uly üstünlik gazanyldy. Şeýlelikde, Istiklol toparynyň futbolçylary bilen boljak jemleýji duşuşygyň öňüsyrasynda «Altyn asyr» toparynyň futbolçylary 9 utuga eýe bolmak bilen, utulmazlygy üçin ýeterlik mümkinçilikleri bar. Olar şeýle hem etdiler. 26-njy iýunda geçen oýnuň netijesi hem 1:1 boldy. Duşuşykda pökgüleriň ikisini hem oýnuň ikinji böleginde salyndy. Täjigistanly futbolçylaryň uly tagalla etmeginde olara zerur bolan ýeňşi gazanmak başartmady. Şeýlelikde, Türkmenistanyň hereket edýän çempiony AFK-nyň 2019-njy ýylyň Kubogyny almak ugrundaky oýnuň öňüsyrasynda täjik çempionyndan öňe saýlanyp, D toparynyň sanawynda ilkinji hatarda boldy. Munuň özi futbol hünärmenlerini, şol sanda sportuň bu görnüşiniň janköýerlerini begendirmän durmady. Geçen ýyl «Altyn asyr» futbol toparynyň AFK 2018-iň Kubogyny almak ugrundaky jemleýji oýna gatnaşmagy we häzirki topardan ynamly çykmagy türkmen aragatnaşykçylarynyň durnukly, döredijilikli, oýlanyşykly we haýran galdyryjy oýunlaryna şaýatlyk etdi. Zolagara ýarym final oýunlarynyň 20 — 21-nji awgustda we 10 — 11-nji sentýabrda, jemleýji oýnuň bolsa 25-nji sentýabrda we 2-nji oktýabrda Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky jemleýji oýnuň bolsa şu ýylyň 2-nji noýabrynda geçiriljekdigini ýatlalyň.

Soňky habarlar
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
top-arrow