Baş sahypa
\
Sport
\
Ýeňil atletikaçylarymyzyň halkara üstünligi
Sport
Ýeňil atletikaçylarymyzyň halkara üstünligi
Çap edildi 07.07.2019
5396

Düýn türgenlerimiz Gazagystanyň Almaty şäherinde «Gusman Kosanowyň ýagty ýadygärligine» ady bilen geçirilen ýeňil atletika boýunça XXIX halkara ýaryşdan 3 medal bilen dolanyp geldiler. Gazagystandan, Azerbaýjandan, Gruziýadan, Eýrandan, Hindistandan, Kuweýtden, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan jemi 250-den gowrak türgeniň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşa milli ýygyndymyzdan 6 türgen gatnaşdy. Almatynyň Merkezi stadionynda dowam eden bäsleşikde türgenlerimiz bir altyn, bir kümüş we bir bürünç medal gazanmagy başardylar. 200 metr aralyga ylgamak boýunça ildeşlerimiz 1-nji we 3-nji orunlary eýelemegi başardylar. Erkekleriň arasynda 200 metr aralygy Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Alişer Sadullaýew ilkinji bolup geçdi. Ol munuň üçin 21,77 sekunt sarp etdi. Zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda 24,83 sekuntda pellehana ýeten Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Gurluşyk we binagärlik sport kluby» hojalyk müdirliginiň türgeni Walentina Meredowa bürünç medala mynasyp boldy. Ýekedaban zyňmak boýunça ýurdumyzyň Ýeňil atletika federasiýasynyň türgeni Mergen Mämmedow 2-nji orna we kümüş medala eýe boldy. Mergen bu üstünlige ýekedabany 66,54 metr aralyga zyňmak arkaly ýetdi. Ýeri gelende bellesek, bu halkara ýaryş Aziýa yklymynda iň abraýly ýeňil atletika bäsleşikleriniň biri hasaplanýar. Indi 29-njy gezek geçirilýän bu halkara ýaryş öňdäki orunlary eýelänler üçin sentýabrda Kataryň paýtagty Dohada geçiriljek Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyna, şeýle hem geljek ýyl Tokioda geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýollanma berýän iri sport çäreleriniň biridir. Ýaryşda türgenlerimiziň şowly çykyş etmegi olaryň geljekki iri ýaryşlara gatnaşmaklary üçin täze badalga bolup durýar.

Soňky habarlar
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
top-arrow