Baş sahypa
\
Sport
\
Türkiýede türkmen agyr atletikaçylary iki medal gazandylar
Sport
Türkiýede türkmen agyr atletikaçylary iki medal gazandylar
Çap edildi 17.11.2019
13555

Türkiýäniň Gaziantep şäherinde Naim Süleýman oglunyň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp geçirilen Agyr atletika boýunça halkara ýaryşy tamamlandy. Bu ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş edip, altyn we kümüş medallara mynasyp boldy. Bu wekilçilikli ýaryş geljek ýylyň tomsunda Tokioda geçiriljek Olimpia oýunlary — 2020-ä çykmak üçin saýlama tapgyr boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Kristina Şermetowa 55 kilograma çenli agram derejesinde tapawutlandy. Ol iki synanyşygyň jemi boýunça 190 kilogramy göterip, hormat münberiniň ýokarky derejesine galmagy başardy. Şunlukda, türgen gyz silkip we itekläp götermekde degişlikde 87 we 113 kilogramy göterip, oňat netijeleri görkezdi. Seýtjan Mirzaýew 61 kilogram agram derejesinde kümüş medala eýe boldy. Şeýlelikde, Lebap welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň Dänew şäherindäki 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi ýaryşlaryň jemi boýunça 265 kilogram toplady. Biziň türgenimiz silkip götermekde (122 kilogram) öňdäki, itekläp götermekde bolsa (143 kilogram) ikinji orny eýelemegi başardy.

Soňky habarlar
29.06
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
29.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 58 million 571 müň dollaryndan gowrak boldy
28.06
Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna
28.06
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
28.06
Dostlukly gatnaşyklara sarpanyň nyşany
27.06
Medeniýet hepdeligi — 2026: jemleýji dabaralar
27.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
26.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26.06
2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi Daşoguz welaýatynda geçiriler
26.06
Medeniýet hepdeligi — 2026: bäşinji gün
top-arrow