Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistanyň döredijilik we parahatçylyk söýüjilik kuwwatynyň artmagy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasydyr
Hepdäniň wakalary
Türkmenistanyň döredijilik we parahatçylyk söýüjilik kuwwatynyň artmagy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasydyr
Çap edildi 16.01.2022
2942

Düýpli özgertmeler ýoluna düşen Türkmenistan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysynyň sahypalaryny täze we şöhratly üstünlikler bilen baýlaşdyrýar. Öňdengörüjilikli we durmuş ugurly syýasat, ylmy esasda çemeleşmek, toplumlaýyn, strategik meýilnamalaşdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ykdysady syýasatynyň, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň, halk hojalygyna bazar gatnaşyklaryny we ylmyň gazananlaryny, önümçilige dolandyrmagyň täze usullaryny ornaşdyrmagyň özenini düzýär.

10-njy ýanwarda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde özgertmeleri durmuşa geçirmegiň meselelerine, obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýyna garaldy. Şeýle hem paýtagtymyzda ýerine ýetirilýän arassaçylyk we abadançylyk işleri, elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň, agyz suwunyň bökdençsiz üpjünçiligini ýola goýmak, 2022-nji ýylda meýilleşdirilen dürli desgalaryň gurluşygyna taýýarlyk görmek barada habar berildi.

Okuw mekdepleriniň işini döwrebaplaşdyrmak, bilim bermegiň usullaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.

Maslahatda ýurdumyzda durnukly epidemiologik abadançylygy mundan beýläk-de üpjün etmek boýunça görülýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz bu meselede arkaýynlaşmaly däldigini aýratyn nygtady. Sebäbi häzirki döwürde sebitde koronawirus ýokanjynyň täze görnüşi, hususan-da, “omikron» görnüşi ýüze çykaryldy. Şunuň bilen baglylykda, tomus paslynyň gelmegi bilen keselleriň has-da güýjemek ähtimallygynyň bardygyny nazarda tutup, bu ýokanjyň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak işlerine aýratyn üns berilmelidir.

Milli Liderimiz adamlaryň saglygyny we ömrüni goramagyň, howpsuzlygyny üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň baş maksady bolup durýandygyny belledi hem-de döwletimiziň bu ugurda ähli tagallalary edýändigini, geljekde hem derman serişdeleriniň ätiýaçlyk gorlarynyň üstüni ýetirmek üçin hiç hili serişde gaýgyrmajakdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz dünýä jemgyýetçiligini biynjalyk edýän pandemiýa garşy göreş çäreleriniň häzirki zamanyň ösen tejribelerine laýyklykda toplumlaýyn esasda alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we bu ugra degişli beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmelidigi we pandemiýanyň öňüni almak çäreleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmeginiň üpjün edilmelidigi bellenildi.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Şu günler gowaçadan boşan ýerlerde ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edýär. Şu ýyl ekinleriň meýdanynyň 50 müň 450 gektar artdyrylyp, onuň 106 müň gektara ýetirilmegi meýilleşdirilýär. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagy üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi. Munuň özi ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak we ilaty özümizde öndürilýän dürli görnüşli gök-bakja önümleri, ýeralma bilen bolelin üpjün etmek meseleleriniň oňyn çözülmeginiň özenidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatlarda ekin meýdanlaryny talabalaýyk ulanmak, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, daýhanlaryň ýokary hilli tohumlar hem-de beýleki zerur serişdeler bilen üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmak meseleleriniň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz möwsümleýin oba hojalyk işleri we Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen bir hatarda, ilatyň durmuş üpjünçiligine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

11-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Lýusia Uaýldy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Şeýle hem diplomat milli Liderimize Şa zenany Ýelizaweta II hem-de Premýer-ministr Boris Jonsonyň mähirli salamyny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ekologik ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen bagly meseleleriň giň gerimi boýunça pikir alşyldy. Ýewraziýa yklymynda täze halkara ulag ugurlaryny döretmek meselesine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy gatnaşyklarda hil taýdan täze ugur — ulag diplomatiýasy berkarar bolýar. BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde şu mesele boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklaryň başyny başlan ýurdumyz bu diplomatiýany döredijileriň biridir.

Energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleriniň hatarynda görkezildi.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň hem-de Beýik Britaniýanyň daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we sanly ulgama geçirmek, hususy ulgamy goldamak ýaly strategik ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandygy tassyklanyldy.

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy hem-de bu düzümleriň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, geçen ýylda harby we hukuk goraýjy edaralarda işler meýilnamalaýyn esasda alnyp baryldy.

Döwlet Baştutanymyz goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinamyzy üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda jemgyýetçilik-hukuk tertibini berk berjaý etmek, içerki migrasiýa işi, Ýaragly Güýçleriň şahsy düzüminiň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işleriniň mydama üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi. Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk etmegi, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça yzygiderli alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini hem nygtady.

Mejlisiň dowamynda resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

13-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Uzynada meýdançasyna bardy hem-de şol ýerde nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň baý serişdeler kuwwatyny özleşdirmek we ondan netijeli peýdalanmak boýunça maslahat geçirdi.

Maslahatyň öň ýanynda döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaýyn düzümlerinde ulanylýan ýokary öndürijilikli tehnikalary gözden geçirdi hem-de Hazar deňziniň kenarýaka zolagynyň känlerini özleşdirmek boýunça taslamalar bilen tanyşdy.

Iş maslahatynda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de öňdebaryjy häzirki zaman tejribesini, sanly ulgamy ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Uzynada meýdançasynyň açylmagy alymlaryň bu ýerde 5 million tonna barabar möçberde nebit ýataklarynyň bardygy baradaky çaklamalaryny tassyklady. “Uzynada” hem-de “Goturdepe” ýataklarynyň bölegi bolan “Demirgazyk Goturdepe” ýatagynyň geologik-gözleg işleriniň netijelerine laýyklykda, ulanyş guýularynyň sanynyň artmagy bilen, olary bökdençsiz işletmek üçin bu ýerde gaz gysyjy desgasyny gurmak hem möhüm işleriň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny tamamlap, Hazaryň balyk awlanýan çägine baryp, bu ýerde Esenguly etrabynyň balykçylary bilen duşuşdy hem-de hal-ahwal soraşyp, balykçylyk hünäriniň aýratynlyklary, olaryň iş we durmuş şertleri bilen gyzyklandy.

Saýlap alan hünärinden bagt tapan balykçylar aýyň dowamynda 10 — 12 gezek deňiz giňişligine gidýändiklerini hem-de kenardan 3 müň metr uzaklykda balyk awlaýandyklaryny, tor guranlaryndan soň, howa ýagdaýyna görä, ony barlap durýandyklaryny gürrüň berdiler. Bellenilişi ýaly, her gezek 40 — 50 kilogram töweregi balyk tutulýar.

Şeýle hem olar ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalygyna girip, öz işlerini telekeçilik usulynda alyp barýarlar. Bu bolsa olara tutan balyklaryny islendik bazarda, söwda dükanlarynda ýerlemäge hem-de ony gaýtadan işlemek arkaly önümleriň görnüşini köpeltmäge mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyza balykdan taýýarlanylan dürli tagamlar görkezildi.

Balykçylar özleriniň we Esenguly etrabynyň tutuş ilatynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa netijeli zähmet çekmäge, dynç almaga döredilen şertler üçin hoşallyklaryny bu sebite mahsus bolan gazal çekmek bilen beýan etdiler.

14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ýurdumyzyň döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadyny kemala getirmek, Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek, Diýarymyzyň deňiz flotuny döwrebaplaşdyrmak, “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk we gurluşyk tehnikalaryny getirmek, ýangyç-energetika toplumyny yzygiderli diwersifikasiýalaşdyrmak, harytlaryň eksportyny hem-de importyny düzgünleşdirmek boýunça pudagara toparyň işini kämilleşdirmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy garalan meseleleriň hatarynda boldy.

Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi.

2019-njy ýylyň aprel aýynda tassyklanan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginde kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak göz öňünde tutulýar.

Desga ekologik taýdan arassa elektrik energiýasyny öndürmek bilen, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň töwereginde peýda boljak ilatly ýerlerde sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün eder. Munuň özi ýurdumyzyň taryhynda täsin taslamadyr. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmaga, şu ugur boýunça milli hünärmenleri taýýarlamaga, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, Energetika ministrligi tarapyndan ýokarda agzalan desgany ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de “Serdar” elektrik bekedinden 110 kilowolt güýjenmeli elektrik geçirijisini gurmak üçin enjamlary we serişdeleri satyn almak barada halkara bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň jemleri boýunça Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi we Ticaret A.Ş.” kompaniýasynyň teklibi seçilip alyndy.

Döwlet Baştutanymyz “ýaşyl” energiýanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça taslamalaryň örän zerurdygyny aýdyp, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän, ykdysady taýdan bähbitli alternatiw energetika desgalarynyň gurulmagynyň göz öňünde tutulan meýilnamalarynyň ählisiniň, şol sanda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitinde ekologik abadançylygyny üpjün etmek baradaky meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigini nygtady.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýylda medeniýet ulgamy boýunça köp çäreler — dürli dabaralar, sergiler, bäsleşikler, halkara onlaýn maslahatlar, duşuşyklar, festiwallar we mediaforumlar meýilleşdirildi. Şolaryň hatarynda iýun aýynda Mary welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigiň jemini jemlemek we onuň çäklerindäki beýleki döredijilik bäsleşikleri bar.

Şu ýylyň 26 — 28-nji ýanwarynda Söwda-senagat edarasynda “Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçiriler.

Milli Liderimiz hödürlenen maksatnamanyň taslamasyna käbir bellikleri girizip, «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen şu ýylda meýilleşdirilen ähli çäreleriň milli mirasy, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini wagyz etmäge ýardam etmelidigini, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhuna laýyk gelmelidigini nygtady.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz birnäçe resminama gol çekdi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň üç sany gämigurluşyk taslamalaryny daşary ýurt karzlarynyň hasabyna maliýeleşdirmek hakyndaky Karar bar.

Döwlet Baştutanymyz 2022-nji ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini hem-de welaýatlar boýunça 2022-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasyny tassyklady hem-de “Türkmenistanda 2022-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda” Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzda 580 müň gektar meýdana gowaça ekmek we ondan 1 million 250 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Gazagystan Respublikasynyň Ekologiýa, geologiýa we tebigy serişdeler ministrliginiň Tokaý hojalygy we haýwanat dünýäsi komitetiniň, Özbegistan Respublikasynyň Ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça döwlet komitetiniň arasynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlenýän “Aram guşaklykdaky Turan çölleri” transmilli desgalary dolandyrmak we goramak babatda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama Türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.

Beýleki tassyklanan resminamalaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Türkmendermansenagat” birleşiginiň S.A.Nyýazow adyndaky “Buýan” obasenagat toplumynda arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanasynyň gurluşygy hakyndaky Karar hem bar.

Milli Liderimiziň gol çeken ýene bir Karary 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek ХХХIII Tomusky Olimpiýa we ХVII Tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň taýýarlanmagyny we gatnaşmagyny göz öňünde tutýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ulagyň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, häzirki zaman ugurdaş düzümlerini kemala getirmäge, Türkmenistanyň halkara üstaşyr ulag geçelgeleriň sebit merkezi hökmündäki ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» tassyklady.

Maksatnamada ýurdumyzyň ulag ulgamynyň hem-de halkara ulag hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny ösdürmek, dünýäniň we sebitiň ulag-logistika ulgamlarynyň talaplaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň ýol-ulag Kodeksini taýýarlamak, ulag babatda halkara guramalar, şol sanda BMG hem-de onuň sebit komissiýalary, Halkara ekspeditorçylyk assosiasiýalarynyň federasiýasy, Halkara howa ulaglary assosiasiýasy, Raýat awiasiýasynyň halkara guramasy, Awtomobil ulaglarynyň halkara bileleşigi, Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasy, Halkara deňiz guramasy we beýleki halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirmek bellenilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesi Hökümetara komissiýasyna goşulmak boýunça işleri geçirmek hem-de multimodal gatnawlary — Ählumumy Üstaşyr Resminamany ösdürmekde köpugurly sanly çözgüdi ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek wezipeleri kesgitlenildi.

Mundan başga-da, maksatnamada ýurdumyzyň ulag pudagynyň sanly ulgama geçirilmeginiň çäklerinde geljekde bu ugra eksport we import amallaryny ýerine ýetirýän beýleki döwlet edaralaryny, şol sanda ýurdumyzyň ulag pudagyny baglanyşdyrmak boýunça işleri güýçlendirmek teklip edilýär. Şeýle hem iri halkara we sebitara taslamalary durmuşa geçirmek, milli Liderimiziň öňe sürýän teklipleri esasynda tutuş yklym ähmiýetli halkara üstaşyr ulag geçelgelerini has-da işjeňleşdirmek boýunça zerur çäreler täze Maksatnamada öz beýanyny tapar.

Şonuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen daşary döwletleriň arasyndaky käbir halkara resminamalary tassyklamak hakyndaky Karara, şeýle hem ýurdumyzda sebitara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmek maksady bilen, türkmen-özbek söwda-ykdysady we syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, iş duşuşyklaryny hem-de gepleşikleri geçirmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýetini Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine gulluk iş saparyna ibermek hakyndaky Buýruga gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Halkara üstaşyr demir ýol nyrhlary hem-de Ýeke-täk üstaşyr nyrhlary boýunça halkara şertnamalaryna goşulmak bilen bagly teklipleri makullap, ýurdumyzyň bu ulgamdaky kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, multimodal, logistika we üstaşyr gatnawlar üçin amatly şertleri döretmegiň wajypdygyny belledi.

15-nji ýanwarda Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza gelen owgan wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri boldy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlyk babatda pikir alşyldy.

Umuman, geçen hepdäniň wakalary Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň okgunly ösüşiniň nobatdaky subutnamasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň ählisi baş maksada — ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, döwletimiziň halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga, häzirki we geljek nesillerimiziň bagtyýarlygynyň bähbidine halkymyzyň rowaçlygyny artdyrmaga gönükdirilendir.

Soňky habarlar
19.04
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza ýurtlarynyň demir ýol ulaglary edaralarynyň Baş direktorlarynyň (jogapkär wekilleriniň) Maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri boýunça AŞGABAT JARNAMASY
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.04
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
17.04
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
17.04
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow