Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistan-Koreýa: tehnologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Ykdysadyýet
Türkmenistan-Koreýa: tehnologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Çap edildi 07.11.2016
1899

Aşgabat, 7-nji noýabr (TDH). Şu şün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda türkmen-koreý ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge bagyşlanan “Energetika, ulag we senagat ulgamlarynda tehnologiýa hyzmatdaşlygy we teklipler” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde dürli derejelerde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary ilerletmek boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy hem-de ony amala aşyrmak boýunça anyk ädimler kesgitlenildi. Türkmen hünärmenleriniň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady ösüşiň giň göwrümli taslamalarynyň mazmunyny, durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine ynamly gadamlar bilen barýan hem-de dünýä ykdysadyýetine okgunly goşulyşýan, batly depginler bilen ösýän Türkmenistanyň ägirt uly üstünlikleriniň esasyny beýan edildi. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy we tagallasy netijesinde häzirki wagtda Türkmenistanda bolup ggeçýän giň göwrümli özgertmeler, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge alnan ugur we giň halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy iki dostlukly ýurtlaryň özara gatnaşyklaryny giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Iň gowy dünýä tejribesini we täzeçil tehnologiýalary ulanmaga çalyşýan ýurdumyz özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin, ilkinji nobatda bolsa, wagtyň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşlar üçin elmydama açykdyr. Türkmen-koreý maslahatyna gatnaşyjylar taraplaryň özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanmalaryny tassyklap, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly kuwwata hem-de mümkinçiliklere eýe bolan köp ugurly hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça birnäçe anyk teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň döwlet we hususy düzümleriniň wekilleri, hem-de Günorta Koreýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň, şol sanda “Samsung C&T”, “LG International”, “Evergreen Motors”, “Hyundai Corp”, “Hyundai Engineering”, “POSCO E&C” kompaniýalarynyň ýurdumyzdaky wekillikleriniň ýolbaşçylary şeýle işewür gatnaşyklaryň iňňän wajypdygyny belläp, deňhukukly we özara bähbitli başlangyçlarda guralýan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň zerurdygyny aýtdylar. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistan hem-de Koreýa Respublikasy tarapyndan aýratyn wajyp ähmiýet berilýän energetika, ulag we senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem güýçlendiriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
top-arrow