Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Ösüşiň innowasion ýoly jemgyýetimiziň we döwletimiziň abadançylygynyň güwäsidir
Hepdäniň wakalary
Ösüşiň innowasion ýoly jemgyýetimiziň we döwletimiziň abadançylygynyň güwäsidir
Çap edildi 20.06.2022
1604

Geçen hepdäniň wakalary milli ykdysadyýetimiziň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow anyk mümkinçiliklerden gelip çykýan we ýurdumyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmek, senagat kuwwatyny doly derejede peýdalanmak, dünýäniň ykdysady ulgamyna üstünlikli goşulyşmak we halkymyzyň rowaçlygyny has-da ýokarlandyrmak bilen bagly möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilen strategiýany kesgitledi.

13-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy. Döwlet Baştutanymyz galla oragynyň gysga möhletde, ýokary derejede tamamlanmagynyň şu günüň wajyp wezipesidigini belledi. Şunuň bilen birlikde, galla kabul ediş bölümleriniň talabalaýyk işini ýola goýmak hem-de kärendeçiler bilen tabşyrylan bugdaý hasyly üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek möhümdir. Gowaça we beýleki ekinlere ideg işleriniň depginini güýçlendirmek, ýerlerde şaly ekişini agrotehniki möhletlere we talaplara laýyklykda geçirmek, gant şugundyrynyň ekişine taýýarlygy yzygiderli gözegçilikde saklamak zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak hem-de ak bazarlarymyzy ýerli önümler bilen doly üpjün etmek maksady bilen, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny almak üçin ähli düzümleriň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmalydygyna ünsi çekdi. Arkadagly Serdarymyz suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagynyň, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjün edilmeginiň häzirki döwrüň esasy talaplarynyň hataryndadygyny nygtap, bu meseläni öňdebaryjy tejribäni hem-de sanly ulgamyň mümkinçiliklerini nazara alyp, ylmy nukdaýnazardan seljermegi we degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belläp, dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň ýokary hil ölçeglerine kybap gelmeginiň hem-de öz wagtynda ulanylmaga berilmeginiň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny tabşyrdy.

14-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady. Tähranyň “Mehrabad” Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Eýran Yslam Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Kabul edýän tarapyň wekili bilen resmi wekiliýetleriň zalynda gysgaça söhbetdeşligiň dowamynda soňky wagtda ýola goýlan köpugurly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi we netijeliligi, iki dostlukly halkyň has-da ýakynlaşmagyna we özara düşünişmegine ýardam berýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň özara ynanyşmak häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi.

15-nji iýunda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtyndaky “Saadabad” toplumynyň “Jumhuri” köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we EYR-nyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda gepleşikler boldy. Döwlet Baştutanlary hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimi boýunça pikir alşyp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk we oba hojalyk ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Iri halkara we sebit düzümleriniň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki döwletara hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetine aýratyn üns berildi.

Gepleşikleriň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen-eýran ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek boýunça birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi. Ýurtlarymyzyň arasyndaky serhet we beýleki degişli ulgamlardaky hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bagly ähli meseleleri düýpli ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň ikinji ýarymynda Aşgabat şäherinde Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň mejlisiniň geçirilmegi teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow doly kuwwatynda işleýän Hazar ulag ulgamynyň döredilmeginiň biziň ýurtlarymyzdan birnäçe ýöriteleşen wezipeleriň çözülmegini talap edýändigini belläp, Türkmenistanyň hyzmatdaşlar bilen nyrh ýeňilliklerini hödürlemek, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek, milli operatorlaryň arasynda netijeli özara gatnaşyklary ýol goýmak we beýleki möhüm meseleler boýunça işe başlamaga taýýardygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we serhetara jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça hem-de ekologiýa, innowasiýalar we ynsanperwer ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy babatda aýdyp, bu wezipeleriň ählisiniň şu ýyl Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitiniň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz eýranly kärdeşini bu sammite gatnaşmaga çagyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz eýranly kärdeşini özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Owganystana ýardam etmek boýunça halkara tagallalary işjeň goldamak bilen, goňşy ýurtlar bolup owgan meselesi babatda işjeň gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de ýakyn wagtda Türkmenistanyň we Eýranyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyny geçirmek mümkinçiligine seredilmegini teklip etdi. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň ägirt uly kuwwatyny göz öňünde tutup, iki ýurduň arasynda Ulag boýunça hökümetara topary döretmek baradaky başlangyç öňe sürüldi. Şeýle hem Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyny gysga wagtda durmuşa geçirmek üçin tagallalaryň güýçlendirilmeginiň zerurdygy nygtaldy. Mälim bolşy ýaly, bu taslama Hindistan we Gazagystan hem resmi taýdan goşuldy.

Döwletlerimiziň arasynda gazy «swop» görnüşinde ibermek boýunça gazanylan ylalaşyklara ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz iki ýurduň degişli edaralaryna gazyň «swop» boýunça üçünji ýurtlara iberilmeginiň öwrenilmegini teklip etdi. Döwlet Baştutanymyz oba hojalygy we suw pudagynda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda Suw serişdelerini dolandyrmak boýunça bilelikdäki utgaşdyryjy toparyň döredilmegini teklip etdi. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşmegi we hil taýdan ösmegi üçin Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň işine aýratyn jogapkärçilik bildirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň güýzünde bu toparyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi teklip edildi.

Gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Seýed Ebrahim Raisi Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Maýa goýumlar boýunça bilelikdäki komiteti döretmek barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Maýa goýumlar, ykdysady we tehniki kömek boýunça guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2022 — 2025-nji ýyllarda ylmy, medeni, döredijilik we bilim taýdan alyşmagyň Maksatnamasyna; Hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasynyň (IRIB) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Daşky gurşawy goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşky gurşaw departamentiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Mary welaýatynyň häkimligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Rezawi welaýatynyň häkimliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň häkimliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň häkimligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Şomali welaýatynyň häkimliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Bulardan başga-da, gümrük edaralary boýunça özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly ylalaşyklara gol çekildi. Ol Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasynda gümrük maglumatlaryny elektron görnüşde alyşmagyň tehniki şertlerini öz içine alýar. Iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň arasynda Zähmet, iş bilen üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Kooperatiwler, zähmet we durmuş abadançylygy ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Habar beriş agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Arhiwler we milli kitaphana guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnama ylym-bilim ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Eýran Yslam Respublikasynyň «Rasan Rail Pars Co.» hem-de «Wagon Bar Caspian» kompaniýalary bilen halkara ýük daşamalar babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamalara gol çekmegi ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Kiçi kärhanalar we senagat şäherçeler guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň durmuşa geçirilmegi işewürlik düzümleriniň ugry boýunça ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda möhüm orun eýelär.

Döwlet Baştutanymyz geçirilen gepleşikleriň jemlerini kanagatlanma bilen belläp, gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem-de giňeldilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle-de şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyga Prezident Seýed Ebrahim Raisi hem gatnaşdy. Söhbetdeşler sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ornuny belläp, ägirt uly kuwwata hem-de giň mümkinçiliklere eýe bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar. Döwlet Baştutanymyz Aýatolla Ali Hameneýini özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň EYR-nyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf bilen duşuşygynyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna uly üns berildi. Döwlet Baştutanymyz parlamentara hyzmatdaşlygyň özara gatnaşyklaryň berkidilmegine saldamly goşant goşýandygyny nazara almak bilen, türkmen-eýran parlamentara duşuşyklaryny yzygiderli geçirmegiň hem-de özara tejribe alyşmagy ýola goýmagyň hasabyna bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi teklip etdi. Hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçysyny we agzalaryny özleri üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Umuman, döwlet Baştutanymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi sapary uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan döwletara gatnaşyklaryň özünde möhüm ugurlary jemleýändigini hem-de sebitde parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga, durnukly ösüşe, abadançylyga ýardam etmek bilen, iki döwletiň milli bähbitlerine laýyk gelýändigini görkezdi.

17-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna toý saparyny amala aşyrdy. Saparyň barşynda döwlet Baştutanymyz sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, senagat düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy.

Mary şäheriniň Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Tagtabazar etrabynyň gallaçy kärendeçileriniň bugdaý tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, ekerançylary zähmet ýeňşi bilen gutlady hem-de Mary welaýatynyň zähmetkeşleriniň tutanýerli zähmet çekip, galla hasylyny ýygnamak boýunça şernamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirip, howa menzilinden awtoulagynda Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň ekin meýdanlaryna tarap ugrady.

Arkadagly Serdarymyz bugdaý meýdanlaryny synlady, kärendeçi bilen söhbetdeş boldy. Onuň zähmet şertleri, ekýän ekinleriniň görnüşleri, daýhanlaryň ýer, suw, ýokary hilli tohumlar we dökünler bilen üpjün edilişi, oba hojalyk tehnikalarynyň ulanylyşy, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň geçirilişi, daýhanyň maşgala durmuşy bilen gyzyklandy.

Soňra kärendeçi hormatly Prezidentimize galla oragyna girişmäge ak pata bermegini haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz “Bismilla” diýip, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaýdan bir desse orup, täze hasylyň oragyna ak pata berdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bugdaý hasylyndan boşan meýdanlary synlap, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň diňe bir ýokary öndürijilikli bolman, hasyly ýitgisiz ýygnaýandygyny aýtdy. Ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde synagdan üstünlikli geçen kombaýnlaryň birnäçe artykmaçlyklara eýedigini köpýyllyk tejribe görkezdi.

Arkadagly Serdarymyz kärendeçä çekýän asylly zähmeti üçin ýadygärlik sowgat gowşurdy hem-de daýhanyň haýyşy boýunça onuň bilen surata düşdi.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyza Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkezinde köp ýyllaryň dowamynda degişli ugurlar boýunça ylmy barlaglaryň geçirilendigini we bugdaýyň dok däneli, kesele durnukly we ýokary hasylly täze görnüşleriniň döredilendigi barada habar berildi. Bugdaýyň täze gylçykly we gylçyksyz görnüşleriniň hasyllylygy her gektardan 55 — 60 sentnere barabar bolup, 200 — 210 günüň dowamynda ýetişýär. Arkadagly Serdarymyz bugdaýyň täze görnüşleriniň häzirki döwrüň ruhuny alamatlandyryp, “Berkarar” we “Galkynyş” diýlip atlandyrylsa, maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýurdumyzyň obasenagat toplumynda işleýän ylmy-barlag institutlarynyň, ylmy-önümçilik merkezleriniň işini kämilleşdirmek, bu ugra häzirki zamanyň ösen tejribesini, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleriniň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şunda suw-ýer serişdelerini rejeli peýdalanmak, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak häzirki döwrüň möhüm talabydyr.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Mary şäheriniň iň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän, Gurbanguly hajynyň adyny göterýän welaýatyň baş metjidine bardy. Bu metjitde mukaddes Mekgeden getirilen teperrik goýuldy. Döwlet Baştutanymyz ony beýleki welaýatlaryň metjitlerinde-de gezekli-gezegine goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Mukaddes teperrik Arkadagly Serdarymyza Saud Arabystany Patyşalygyna umra hajyny amala aşyran mahalynda, yslam dünýäsinde belent sarpa goýulýan mukaddes Käbeden sowgat hökmünde gowşuryldy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz “Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda gurlup, onuň bilen bir bitewi binagärlik toplumyny emele getiren, köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen 3 müň orunlyk binanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu täze binada döwlet Baştutanymyzyň ýakynda amala aşyran haj zyýaraty mynasybetli toý sadakasy berildi. Toý sadakasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeleri Watanymyzyň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny alamatlandyrýan beýik üstünlikler hem-de şanly wakalar bilen gutlady.

18-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna toý saparyny amala aşyryp, sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, galla oragynyň depginleri, senagat-önümçilik toplumyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.

Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menzilinde Arkadagly Serdarymyz mähirli garşylanyldy. Bu ýerde Lebap welaýatynyň häkimi hormatly Prezidentimize Darganata etrabynyň daýhanlarynyň döwlete galla tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz etrabyň zähmetsöýer gallaçylaryny bu ajaýyp ýeňiş bilen gutlap, howa menzilinden awtoulagda Çärjew etrabynyň “Watan” daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlaryna tarap ugrady.

Daýhan bilen söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiz onuň zähmet şertleri, maşgala ýagdaýy, ýetişdirýän ekinleri, bugdaý meýdanlarynyň hasyllylygy, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň geçirilişi bilen gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant goşýan daýhanlaryň iş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy, pudaga täzeçil tehnologiýalaryň, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, daýhan zähmetiniň höweslendirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanyljakdygyny nygtady.

Kärendeçiniň haýyşy boýunça hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Bismilla” diýip, daýhan yhlasy bilen birkemsiz hasyl toplan bugdaýyň bir dessesini ordy hem-de galla oragyna ak pata berdi.

Şu pursatda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda netijeli işledilýän kuwwatly “CLAAS” hem-de “John Deere” kysymly tehnikalary ussatlyk bilen dolandyrýan mehanizatorlar bereketli hasylyň oragyna girişdiler.

Döwlet Baştutanymyz kärendeçä tutanýerli zähmetine minnetdarlygyň nyşany hökmünde sowgat gowşuryp, daýhanyň haýyşy boýunça onuň bilen surata düşdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen gök-bakja we miwe önümleriniň sergisi bilen tanşyp, dikuçarda Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän “Gadyn” gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine ugrady.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, biziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatymyzyň Bitarap döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň möhüm binýady bolup durýandygyny belledi. Şundan ugur alýan Türkmenistan dünýäde ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaş hökmünde özüni tanadýar. Bu ýagdaý döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga şert döredýär. Halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berip, köp sanly dünýä meselelerini çözmäge hem ýardam edýär. Uglewodorod serişdelerimizi daşarky bazarlara ibermek tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyzyň strategik maksady bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly Hytaý Halk Respublikasy bilen amala aşyrylýan taslamalaryň örän möhümdigini nygtady. Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr. Her biriniň uzynlygy 1830 kilometr bolan üç şahaly gaz geçiriji ýylda 55 milliard kub metr «mawy ýangyjy» geçirmäge mümkinçilik berýär. Onuň 2009-njy ýylyň ahyrynda işe girizileninden bäri, Türkmenistandan Hytaýa 334 milliard kub metrden hem köp tebigy gaz iberildi. Geljekde bu zerur ýangyjyň iberilýän möçberini ýylda 65 milliard kub metre ýetirmek üçin onuň 4-nji şahasyny gurmak göz öňünde tutulýar.

«Gadyn» käninde täze gurlan gaz ýygnaýjy beket «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginiň “Kiştiwan”, “Günbatar Kiştiwan”, “Gadyn”, “Eljik”, “Gündogar Eljik” känlerinden tebigy gazyň gije-gündizde 5,5 million kub metrini ýygnar. Döwrebap desganyň işe girizilmegi 200 sany täze iş ornuny döretmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda düwmäni basyp, “Gadyn” bekediniň işläp başlamagyna ak pata berdi.

Döwlet Baştutanymyz teleköpri arkaly Çärjew etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy 432 MWt bolan gaz turbinaly elektrik bekedini hem-de Lebap welaýatynyň ilatyny tebigy gaz bilen üpjün etmäge niýetlenen Üçajy — Zerger gaz geçirijisini ulanmaga ak pata berdi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary we Lebap welaýatlaryna toý saparlaryny tamamlap, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň maslahatlar zalynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine saparlaryň jemleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly ilkinji nobatdaky wezipeler girizildi. Döwlet Baştutanymyz sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi.

Sebitleriň tebigy gorlaryny netijeli peýdalanmak üçin ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, pudaga häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak babatda birnäçe anyk tabşyryklar berildi. Döwlet Baştutanymyz içerki bazary daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan senagat önümleri, şol sanda elektron we gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek, innowasion tehnologiýalara esaslanýan täze önümçilikleri açmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem oba hojalyk pudagyna ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek barada aýdyldy.

Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk maksatly ýerleriň hem-de öri meýdanlarynyň netijeli ulanylmagynyň, seçgiçilik we tohumçylyk işiniň ösdürilmeginiň, suwaryş usullaryny kämilleşdirmegiň hem-de öňdebaryjy suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, halkara derejeli ugurdaş hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýolagçy hem-de ýük gatnawlarynyň depginlerini güýçlendirmek, halkara üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly hem-de bäsdeşlige ukyply şertleri döretmek arkaly ýurdumyzyň, hususan-da, Mary welaýatynyň multimodal logistik mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Arkadagly Serdarymyz bilim ulgamyndaky ileri tutulýan wezipelere ünsi çekip, welaýatlardaky bilim edaralaryny okuw kitaplary hem-de gollanmalar bilen ýeterlik derejede üpjün etmegi, çagalaryň tomusky dynç alşyny guramak, täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek, bilim bermegiň döwrebap usullaryny, şol sanda sanly tehnologiýalar bilen baglanyşykly usullary özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän iki gatnawly 2 sany hereket zolagyndan ybarat bolan awtomobil köprüsiniň hem-de onuň eltiji ýollarynyň taslamasyny düzmek we olary gurmak barada Ukrainanyň “Dorožnoýe stroitelstwo “Altkom” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi. Awtomobil köprüsini hem-de onuň eltiji ýollaryny 2024-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

14-nji iýunda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahatlar merkezinde ýaşlaryň gatnaşmagynda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen ýaşlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň geljegidir. Ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygy, hünär taýýarlygy esasynda kämil şahsyýet bolmagy, döredijilik ukyby we pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine, döwletimiziň ösüşine uly itergi berýän güýçdür. Häzirki wagtda Türkmenistanyň kanunçylygy jemgyýetimizde möhüm orun eýeleýän ýaşlaryň durmuş-ykdysady we syýasy hukuklaryny doly goraýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze rejelenen görnüşine goşmaçalary girizmek boýunça birnäçe teklipleri beýan etdi.

Hususan-da, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýaşlar syýasaty babatdaky ygtyýarlyklaryny Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ygtyýarlyklaryna geçirmek teklip edildi. Bu çözgüdiň maksady ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly, ösen tehnologiýalardan baş çykarmaklaryny, milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirmeklerini gazanmak, ýaşlara halkara ölçeglere laýyk gelýän goldaw bermegiň döwlet guralyny döretmek bilen baglydyr.

Gahryman Arkadagymyz bu Kanuna Garaşsyz Watanymyza beýik söýgini, milli buýsanjy terbiýeleýän, milli ýörelgelerimize laýyk gelýän, bilim berijilik häsiýetli wagyz-nesihat işleriniň geriminiň giňeldilmegi bilen baglanyşykly bendi goşmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Ekologik taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de taryhy ýadygärlikleriň durkuny täzelemäge ýaşlaryň gatnaşmagyny goldamak, içerki syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek arkaly ýaşlarda taryhy we medeni mirasa, daşky gurşawy goramaga bolan gyzyklanmany höweslendirmek bilen bagly goşmaçany girizmek barada teklip öňe sürüldi. Ýaşlaryň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady, medeni durmuşa işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak maksady bilen, ýaşlaryň arasynda telekeçiligi ösdürmegiň guralyny işläp taýýarlamak teklip edildi. Şunda telekeçiler tarapyndan döredilen kärhanalarda işleýän işgärleriň 75 göterimi ýaşlar bolsa, olary «ýaşlar kärhanasy» diýip atlandyryp, şeýle kärhanalary döwlet tarapyndan goldamak boýunça ýeňillikler göz öňünde tutulmalydyr.

Kanuna bilim edarasyny tamamlan, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny zähmet döwrüniň 1-nji ýylynda bellenilen kadasyndan 50 göterim, 2-nji we 3-nji ýyllarynda 25 göterim ýeňillikli tölemegiň tertibi baradaky maddany girizmek teklip edildi. Gahryman Arkadagymyz ýaşlarda okuwyň üznüksizligini gazanmak hem-de olary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, orta mekdebi tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary we orta hünär mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmagy üçin bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen, harby gullugyň möhletini wagtlaýyn yza süýşürmek meselesiniň öwrenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary hem-de Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleri bu Kanuna zerur üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada ýurdumyzyň welaýatlarynyň etraplarynyň iň çetki obalaryna baryp, ýaşlaryň, şol sanda il sylagly ýaşulularyň, zähmetkeşler köpçüliginiň gatnaşmagynda maslahatlary geçirip, ýaşlar barada döwlet syýasaty boýunça kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmek, bu ugurdaky kanunçylygy seljermek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça olaryň pikirlerini, tekliplerini, isleg-arzuwlaryny nazara almalydyrlar.

Gelip gowşan teklipler ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri, halypa professorlar, alymlar tarapyndan öwrenilip, seljerilip we umumylaşdyrylyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň garamagyna hödürleniler.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler, şäheri abadanlaşdyrmak bilen bagly taslamalar, binalaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy hem-de iş maslahatyny geçirdi.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwaty öz beýanyny tapdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň senagatlaşdyrmaga hem-de ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen syýasaty ýurdumyzyň ruhy hem-de ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine tarap okgunly hereketiniň esasy bolup hyzmat edýär.

Soňky habarlar
29.03
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
top-arrow